SPORT

Tokio-2020: 33 ýyllyk rekord täzelendi

Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlaryn tamamlanyp barýar. Ertir tamamlanýan Olimpiýa oýunlary köp sanly rekordlar bilen ýatda galýar. Olaryň biri hem 33 ýyllyk rekord täzelendi.

Zenanlaryň arasynda 1500 metr aralygyna ylgamakda keniýaly türgen Faith Kipýegon Olimpiýa rekordy bilen altyn medlayň eýesi boldy. Ol bu aralygy 3.53.11-lik derejesi bilen gazandy. Mundan ozalky rekord 33 ýyl ozal, 1988-nji ýylda Günorta Koreýanyň Seul şäherinde geçirilen ýaryşda rumyniýaly Paula Iwan goýupdy we onuň görkezen netijesi 3.53.96-lyk derejä deň bolupdy.

Keniýaly türgen 2016-njy ýyldaky Rio Olimpiýa oýunlaryndan soňra Tokio Olimpiýa oýunlarynda hem ýeňiş gazanyp, 2-nji gezek Olimpiýa çempiony boldy.

 

7-nji awgustda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi