SPORT

Tokio-2020: 1 sagatda 2 altyn medal gazandy

Ýaponiýanyň Tokio şäherindäki Olimpiýa oýunlarynda hytaýly türgen bir sagadyň dowamynda 2 altyn medal gazandy. Hytaýly ýüzüji Çžan Ýuýfeý suwda ýüzmek ýaryşynda bir sagadyň dowamynda 2 gezke çempion bolmagy başardy.

Ilki bilen ol 200 metr aralykda batterflýaý ýüzmek boýunça geçirilen ýaryşda ýeňiş gazanyp, altyn medalyň eýesi bolupdy.

1 sagatda soňra bu türgen 4×200 erkin ýüzmek boýunça geçirilen estafeta ýaryşyna gatnaşdy. Bu ýaryşda hem Hytaýyň milli ýygyndysy rekord bilen çempion boldy. hytaýyň ýygyndysynyň düzüminde hem Çžan Ýuýfeý orun aldy.

Mundan başga-da, bu erjel hytaýly türgen 100 metr aralykda batterflýaý suwda ýüzmek ýaryşynda kümüş medaly hem gazandy. Umuman, bu türgen Olimpiýa oýunlarynda 3 medal gazandy.

 

Tokio-2020: Hytaýly türgenler rekordlar bilen barýar

 

Related posts

Ähli döwürleriň iň baý türgeni

Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçiriler

Angliýada ýylyň duşuşygy: “Mançester Siti” 2 – 2 “Liwerpul”