ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ýolbaşçylygynda Waşington şäherinde Parahatçylyk geňeşiniň ilkinji mejlisi geçirildi. Şweýsariýanyň Dawos şäherinde döredilen hem-de dünýäniň ençeme ýurdunyň gatnaşyjysy bolup durýan bu geňeşiň ýygnagynda möhüm kararlar kabul edildi.
Parahatçylyk geňeşiniň ilkinji mejlisine gatanaşan Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew parahatçylygy berkitmekdäki üstünlikler üçin ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň adyndaky baýragy döretmek başlangyjyny öňe sürdi.
“Men Prezident Trampyň parahatçylyk gurmak ugrundaky ajaýyp tagallalaryny we gazanan üstünliklerini ykrar etmek maksady bilen Parahatçylyk geňeşiniň ýörite baýragyny — Prezident Tramp adyndaky baýragy döretmegi teklip edýärin. Siziň ýolbaşçylygyňyzda Parahatçylyk geňeşiniň beýik we asylly wezipesini üstünlikli ýerine ýetirjekdigine ynanýaryn”, — diýip Tokayew aýtdy.
Şeýle hem gazak Lideri Ýakyn Gündogar sebitinde parahatçylygyň üpjün edilmegi babatda hem birnäçe teklipler bilen çykyş etdi.
- Ýurdumyz dünýäniň iň uly bugdaý öndürijileriniň biri hökmünde Gazada we onuň çäklerinden daşarda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen ynsanperwer kömek bermäge taýýardyr. Gazagystan bäş ýylyň dowamynda palestinaly talyplara biziň uniwersitetlerimizde okamak üçin 500-den gowrak bilim grantyny bölüp bermegi meýilleşdirýär. Şeýle hem biz elektron hökümet ulgamyndaky halkara derejesinde ykrar edilen tejribämizi we beýleki sanly çözgütlerimizi paýlaşyp bileris. Gazagystan meýdan hassahanasy bilen lukmançylyk bölümlerini, şeýle hem Raýat-harby utgaşdyryş merkezine synçylary iberip, Halkara Durnuklaşdyryş güýçlerini goldamaga taýýardyr – dýip, gazak Lideri belledi.
