BIZNES

TNGIZT Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini ýerli çig mal bilen üpjün edýär

Golaýda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Gyýanlydaky polimer zawodynyň ýolbaşçylary Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteri üçin ekologik taýdan arassa çig mal serişdeleriniň öndürilişi barada maglumat berdiler.

Bu ýerde Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalarynda ulanylýan ýerli çig mallaryň we olardan alynýan önümleriň hiline, ekologik derejesine berlen laýyklyk güwänamalarynyň görnüşleri, himiýa senagatyna degişli önümleriň ynsan saglygyna ýetirýän täsiriniň barlaglaryna degişli güwänamalar görkezildi. Aýratyn-da, klasteriň ISO standartlaryna laýyk gelýän güwänamalaryna möhüm orun berildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy önümleriň hilinden başlap, onuň mukdarynyň, esasan-da, görnüşleriniň artdyrylmalydygyny aýratyn nygtady. Gahryman Arkadagymyz geljekde lukmançylykda ulanyljak serişdeleri öndürmekden başlap, olary sarp etmäge çenli alnyp baryljak işlerde arassa, ekologik talaplara laýyk gelýän ýerli çig mallaryň ulanylmalydygyna, ondan alynjak önümiň ýokary hilli bolmalydygyna, içerki bazarlarymyzy doly üpjün etmelidigine we galan böleginiň eksporta gönükdirilmelidigine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.

Ýaponiýanyň “Toyo Engineering Corporation”, “Mitsubishi”, “Kawasaki Heavy Industries, Ltd.”, “Sumitomo Corporation”, “Komatsu”, «ITOCHU Corporation», şeýle hem Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.», “Hyundai Engineering Co. Ltd.” ýaly meşhur kompaniýalary ýurdumyzda birnäçe gurluşyklary amala aşyrdylar we iri möçberli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşdylar. Bu ýerde olaryň wekilleri Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalarynda oturdyljak enjamlaryň yzygiderli getirilmeginde goldaw berýändigine hoşallygyny beýan etdiler. Şeýle hem kompaniýalaryň ýolbaşçylary bu ýerde Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gezek ornaşdyrylýan enjamlaryň hiliniň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýändigini aýdyp, olaryň önümçiliginiň sazlaşykly alnyp baryljakdygyna ynandyrdylar.

Ýene-de okaň

Täjigistanda kuwwaty 500 MW bolan ilkinji Gün energiýasy taslamasy durmuşa geçirilýär

Türkmenistanda elektron söwda ulgamy ýokary depginde ösýär

2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy: içerki bazarlarda halkyň sarp edýän harytlarynyň bolçulygyny döretmek

2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy: täze awtomobil ýollary gurlar

Ata Watan Eserleri

2026-njy ýylyň iş meýilnamasy: “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyrlary özleşdiriler

«Türkmennebit» döwlet konserniniň önümleri birža söwdalarynda durnukly islege eýe bolýar