JEMGYÝET

THP: “Makul Sözlük” ABŞ-da neşir edildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygyna hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň ýubileý 30 ýyllygyna gabatlanyp, ABŞ-da neşir edilen “Makul iňlisçe–türkmençe” sözlük baradaky habarlar türkmen metbugatynda neşir edilip başlandy.

Türkmen, rus hem-de iňlis dillerinde ýurdumyzdaky we dünýädäki habarlary gyzgyny bilen okyjylar köpçüligin ýetirýän “Türkmenistan Habarlar portaly” (THP) neşirinde hem “Makul” sözlük barada habar hem rus hem-de türkmen dillerinde ýerleşdirildi.

Habarda jemi 16 500 iňlis dilindäki sözleri we olaryň on müňlerçe türkmen dilindäki terjimelerini özünde jemleýän sözlügiň diňe umumy sözler bilen çäklenmän, hukuk, işewürlik, lukmançylyk, sport, emeli intellekt ýaly ugurlardaky ýöriteleşdirilen adalgalary hem öz içine alýandygy bellenilýär.

Şeýle hem habarda sözlügiň dünýä belli “Amazon” platformasyndan satyn almagyň elýeterli bolandygy bellenilýär.

 

“Makul iňlisçe–türkmençe sözlük” Amerikada neşir edildi we “Amazon” platformasynda satuwa çykaryldy

Frederik Starr: “Makul Sözlük”dil köprüsine möhüm goşant bolup hyzmat eder

Erik Stýuart:”Makul Sözlük” ýurtlarymyzyň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň giňelmegine hyzmat eder

 

Ýene-de okaň

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin sebitleýin okuw maslahaty geçirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara zenanlar güni mynasybetli gelin-gyzlary gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy