DÜNÝÄ

“The Gulf Observer” agentligi Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bagyşlanan maslahat geçirdi

“The Gulf Observer” habarlar agentligi we “The Gulf Observer Research Forum” ylmy-derňew merkezi Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasy bilen bilelikde, “2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy” atly tegelek stol geçirdi.

Çäräni “The Gulf Observer” habarlar agentliginiň Baş howandary we tegelek stoly guramaçylarynyň biri bolan Muhammad Ali Paşa alyp bardy.

Tegelek stola BMG-niň Pakistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Mohamed Yahýa, şeýle hem Päkistanyň ylmy-derňew merkezleriniň hem-de habar beriş serişdeleriniň tejribeli bilermenleri, habarçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Çykyş edenler Bitarap Türkmenistanyň sebitde we dünýäde halklaryň arasynda parahatçylygy, ynamy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilen oňyn daşary syýasatyna ýokary baha berdiler. Çärä gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde we Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň dialogy ösdürmäge, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga hem-de durnukly ösüşi goldamaga gönükdirilen yzygiderli parahatçylykly syýasaty dowam etdirýändigini nygtadylar.

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi A. Möwlamow öz çykyşynda Bitarap Türkmenistanyň soňky 30 ýylyň dowamynda geçen ösüş ýoly hem-de “2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” ýurdumyzda guralýan halkara çäreler barada gürrüň berdi.

Tegelek stol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ygrarlydygyny hem-de ýurduň ählumumy parahatçylygy we özara ynamy berkitmekdäki möhüm ornuny ýene-de bir gezek tassyklady.

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Gyrgyzystana döwlet sapary bilen bardy

GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl duşuşygy 21-22-nji dekabrda geçiriler

Tramp: Si Szinpin 2026-njy ýylda ABŞ-a döwlet sapary bilen geler

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky agrosenagat haryt dolanyşygy 37% ýokarlandy

Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýuldy

Hindistanyň meşhur aktýory Dharmendra aradan çykdy