BIZNES

“Tesla”-dan üçünji çärýekde girdeji rekordy

ABŞ-ly elektrik awtoulag öndürijisi “Tesla” kompaniýasy 2021-nji ýylyň üçünji çärýegindäki ykdysady görkezijilerini mälim etdi. Şoňa görä, “Tesla” kompaniýasynyň şu ýylyň üçünji çärýeginde girdejisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 57 göterim ýokarlandy we rekord derejede 13,8 milliard dollara ýetdi. Kompaniýa geçen ýylyň degişli döwründe 8,8 milliard dollar girdeji gazandy.

Elektrikli awtoulag öndürijisiniň paýnamalarynyň bahasy geçen ýylyň ikinji çärýeginde 0,76 dollar bolan bolsa,  şu ýylyň üçünji çärýeginde 1,86 dollara barabar boldy.
“Tesla” iýul-sentýabr aýlarynda 241,300 ulag öndürdi.

Kompaniýanyň beren beýanynda ýarymgeçirijiniň ýetmezçiligi we port dykyzlygy ýaly dürli kynçylyklaryň zawodlaryň doly tizligine täsir edýändigi aýdyldy.

 

Dünýädäki iň kiçi oýun enjamy

Ýene-de okaň

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler