Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen düýn geçiren duşuşygynda Prezident maksatnamasynda göz öňünde tutulan özgertmeleriň hukuk esaslaryny döretmegiň, bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmagyna gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegiň we hereket edýän kanunlary kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.
Raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldap, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Bazar gatnaşyklary şertlerinde biz ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady syýasaty alyp barýarys, içerki bazary ýurdumyzda öndürilen önümler bilen doly üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Şoňa görä-de, bu gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunlary kämilleşdirmek we döwrebap ýagdaýa getirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Dünýä ykdysadyýetinde amatsyz ýagdaýlaryň dowam edýändigine, çylşyrymly maliýe-ykdysady şertlere garamazdan, biz ähli pudaklarda hususy telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňden ulanmak boýunça işleri dowam etmelidiris, telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermäge, ýurduň maliýe-ykdysady ulgamyny durnukly ösdürmäge aýratyn üns bermelidiris diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz döwlet serişdelerini netijeli ulanmak, býujet-salgyt, pul-karz gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, maliýe bazarlaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň gerimini hem giňeltmegiň wajypdygyny belledi.
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürijilere goldaw bermek, goşmaça iş orunlaryny döretmek boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek ýaly möhüm ugurlarda alnyp barylýan işleri-de dowam etmek zerurdyr.