Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde daşky gurşawy goramak, tebigatyň baýlyklaryna aýawly çemeleşmek, bagy-bossanlyga öwürmek babatda döwlet derejesinde toplumlaýyn we netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek we tokaýlaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan işleriniň biridir. Diýarymyzda ösdürilip ýetişdirilýän dürli görnüşli baglar tebigatymyzyň gözelligini has-da artdyryp, ekologiýa abadançylygyny gowulandyryp, raýatlarymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär.
Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň kabul edilmegi tutuş ýurdy bagy-bossanlyga öwürmekde, howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýany amala aşyrmakda, daşky gurşawy goramakda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda her ýylda millionlarça düýp pürli, saýaly, miweli, tut, üzüm we beýleki bag nahallary oturdylýar.
Munuň özi ilatymyzy bütin ýylyň dowamynda ekologik taýdan arassa, ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmäge hem mümkinçilik berýär. Tut agajy bolsa ýüpek gurçugynyň esasy iýmiti bolup hyzmat edýär, saz gurallaryny ýasamak üçin ulanylýar. Diýarymyzda nahallar ösdürilip ýetişdirilende her welaýatyň toprak, howa şertleri göz öňünde tutulyp, ylmyň gazananlary esasynda alnyp barylýar.
Ýurdumyz bu wajyp ugurda halkara gatnaşyklara işjeň gatnaşmak bilen, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we giňeltmek ugrunda çykyş edýär. Häzirki döwürde bu ulgamda üstünlikli amala aşyrylýan milli strategiýa Milletler Bileleşiginiň durnukly ösüşiniň maksatlary hem-de dünýäniň ekologiýa ulgamyny goramak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler bilen sazlaşykly utgaşýar.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ýaşlar gurşawynda ekologiýa syýahatçylyk ulgamyny döretmek we ösdürmek, ýaşlarda daşky gurşawyň düzüm böleklerine ekologiýa aňyny, medeniýetini we aýawly garaýşy döretmek esasy meseleleriň biri bolup durýar. Ýurdumyzda atmosfera howasyny senagat önümçilikleriniň zyýanly zyňyndylaryndan goramak, «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, pes uglerodly energetika geçmek, howanyň hapalanmagynyň öňüni almak boýunça halkara ekologiýa kadalaryna laýyk getirmek üçin uly işler durmuşa geçirilýär.
Tebigat — biziň baýlygymyz, hazynamyz hem-de geljek nesillere goýýan mirasymyz. Şonuň üçinem tebigata aýawly garap, onuň ummasyz baýlyklaryny gorap saklamak işlerine işeňňir gatnaşmalydyrys.
Söwer Serdarow,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.