DÜNÝÄ

Tbiliside Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp futbol ýaryşy geçirildi

2025-nji ýylyň 27-nji maýyndan 2-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň gurnamagynda birnäçe futbol toparlarynyň, şeýle hem Gruziýanyň sport uniwersitetiniň “Sportuni” we Wake sport merkeziniň “Kartli” futbol toparlarynyň gatnaşmaklarynda futbol ýaryşy geçirildi. 1991-nji ýylda esaslandyrylan “Kartli” futbol topary birnäçe meşhur gruzin türgenlerini ösdürip ýetişdirdi.

Ýaryşyň başlamagynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow sport bäsleşiginiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäklerinde geçirilýändigini belledi.

Ilçi, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň tagallalary bilen ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty ýaýbaňlandyrmak we ösdürmek, şeýle hem bu ugurdaky halkara hymatdaşlygyny berkitmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn nygtap geçdi.

Diplomat Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistanyň sport diplomatiýasynyň parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara sport hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirlendigini aýtdy.

Ilçi, 2025-nji ýylyň 7-nji martynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda geçirilen duşuşygyny nygtamak bilen, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Gruziýanyň Sport ministrliginiň arasynda gol çekilen sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany aýratyn belledi. Şu nukdaýnazardan geçirilen futbol ýaryşy agzalan Ähtnamanyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Ýedi günläp dowam eden ýaryşda ýaş futbolçylar owadan, täsirli hem-de bäsdeşli oýny görkezdiler. Ýaryşyň jemleri boýunça oňa gatnaşanlara hormat hatlary gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Monako Knýazlygynda Türkmenistanyň ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosipedli ýörişi gurnady

Türkmenistanyň wekiliýeti YHG-nyň ulag ministrleriniň 13-nji mejlisine gatnaşdy

Polşada täze Prezident saýlandy

Ata Watan Eserleri

Günorta Koreýada prezident saýlawlary geçirilýär