BIZNES

Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda harytlaryň nyrhlaryna serediler

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň ykdysadyýet we maliýe toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer S.Berdimuhamedowa ýüzlenip, ýakyn wagtda welaýatlarda bolup, Oba milli maksatnamasynyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky Döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen ýerinde tanyşmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bazarlara we dükanlara baryp, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda harytlaryň nyrhlaryny görmegi, oba ýerlerinde çözülmeli nähili soraglaryň bardygy bilen tanyşmagy tabşyryp, bar bolan meseleleri çözmegiň ýollary barada teklipleri taýýarlap, Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hasabat bermegi tabşyrdy.

 

Ýeralma we gök-bakja ekinleri üçin has köp ýer berler

Related posts

Türkmen we eýran gümrükçileriniň duşuşygy geçirildi

Owganystan Türkmenistanda ýene-de sergi guramagy meýilleşdirýär

Çoganly ýaşaýyş toplumynda seýilgäh gurmak boýunça bäsleşik