JEMGYÝET

Täze ýyl baýramy üçin 850-den gowrak söwda nokatlary guralar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N. Atagulyýew söwda toplumynda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramçylygyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşigi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, baýramçylyk söwdalaryny şu ýylyň 5-nji dekabrda başlap, ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän bazarlarda we söwda merkezlerinde geçirmek, şeýle hem ýurdumyz boýunça jemi 850-den gowrak söwda nokatlaryny guramak göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy baglylykda bazarlarda ilatyň dürli önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin degişli çäreleri görmegiň, göçme söwda nokatlaryny gurnamagyň, bazarlary we dükanlary azyk, şol sanda gök-bakja we miwe önümleri bilen ýeterlik üpjün etmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

 

Ýene-de okaň

Sefa Gömdeniz: Türkmenistan-Türkiýe strategiki hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar

Türkmenistan Azerbaýjanda geçiriljek WUF13 forumyna işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar