SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Täze nesil “Beta” nesli diýlip atlandyrylar

Käbir bilermenler her nesliň öz tapawutly häsiýetleriniň bardygyny öňe sürüp, adamlary doglan wagtyna görä, nesillere bölýär. Mysal üçin, 1997-2009-njy ýyllarda doglanlar Z nesli diýlip atlandyrylýar. 2010-njy ýyldan başlap bolsa, Alfa nesli diýilýärdi. Indi bolsa, 2025-nji ýyldan başlap dünýä inen çagalar Beta nesli diýlip atlandyrylar.

Bu barada jemgyýeti öwreniji Mark MakKrindl mälim etdi. Bilermeniň bellemegine görä, 2025-2039-njy ýyllarda dünýä inen çagalar bu nesle degişli bolar. 2035-nji ýyla çenli Beta nesli dünýä ilatynyň 16 göterimini emele getirer.

Şeýle hem täze nesliň agzalaryň aglaba bölegi 22-nji asyry hem görerler. Täze nesil tehnologiýadan has köp peýdalanar. Birküç ýyllykda peýda bolan we barha ýaýbaňlanýan emeli aň geljek nesliň durmuşyna görnetin täsir eder.

2010-njy ýyla çenli doglanlary öz içine Alfa nesli adalgasyny hem MakKrindl orta atypdy.
Soňky 100 ýyldaky nesiller şeýle atlandyryldy: sessiz nesil (1928-1945), “Baby Boomer” (1946-1964), X nesli (1965-1980), Y nesli (mileniumlylar) (1981-1996), Z nesli (1997-2009) we Alfa nesli (2010-2024).

Ýene-de okaň

Aşgabat-Moskwa rejeli gatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär

XII Türkmen-german forumy geçiriler

Tramp Amerikada ýaşamak üçin “altyn kart” wizasyny hödürleýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalary Eýrandaky syýahatçylyk duşuşygyna gatnaşdylar

Ata Watan Eserleri

“Türkmenistan” awiakompaniýasyndan halkara gatnawlarda ýörite aksiýa

Russiýa syýahatyňyzy “Türk howaýollary” bilen amala aşyryň!