MEDENIÝET

Täze goşgular ýygyndysyna uly gyzyklanma

Şahyr Oguljennet Bäşimowanyň özboluşly poeziýasy bar. Indi birnäçe
ýyl bäri, onuň şygyrlary gündelik metbugat arkaly okyjylara ýetirilip gelinýär. Onuň “Şahyryň gyzy men” atly goşgular ýygyndysy hem uly gyzyklanma döredýär.

Şahyryň bu kitabynda Watan, eziz Diýarymyz, ene toprak, söýgi, güýz oýlanmalary, oba durmuşy we beýleki temalary öz içine alýan goşgylary köpleriň söýgüsini gazandy.

Oguljennet Bäşimowa – şahyr, ýazyjy, žurnalist, terjimeçi. Onuň “Şahyryň gyzy men”, “Göçünden galan gazlar” şygyrlar kitaby; “Yşgyň azany”, “Yşk duzagy”, “Şekilsiz älemden”, “Husn” atly romanlary; “Merwden Mezopotamiýa çenli” ylmy-publisistik kitaby bar.

Magtymguly Pyragy, Möwlana Jelaletdin Rumy, Garajaoglan we Ýunus Emräniň döredijiligi bilen ýakyndan gyzyklanýar. Rumynyň birnäçe saýlanan eserlerini türkmen diline terjime etdi.

Şeýle-de biografiki proza eserleri ýazdy. Möwlanynyň durmuşy bilen baglanşykly “Yşgyň azany”, Garajaoglanyň durmuşy bilen baglanşykly “Yşk duzagy”, Ýunus Emräniň durmuşy bilen baglanşykly “Şekilsiz älemden”, Magtymguly Pyragynyň durmuşy bilen baglanşykly “Husn” atly romanlary we poemalary bar.

Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ägirt halypalary hakynda makalalary, radio we telegepleşikleridir filmleri hem bar.

Kitaby doly okamak üçin aşakdaky linkiň üstüne basyň!

ŞAHYRYŇ GYZY MEN OGULJENNET BÄŞIMOWA

 

Stambulda Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan futbol ýaryşy

 

 

Ýene-de okaň

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty