TEHNOLOGIÝA

Täze “Belet Film” hyzmaty

“Türkmentelekom” EAK-sy «JAN Tehnologiýa” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde “Belet Film” hyzmatyny hödürleýär. Bu barada “Türkmentelekom” EAK-yň resmi internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Täze “Belet Film” hyzmatynyň kömegi bilen filmleri we seriýallary tomaşa etmek has aňsatlaşdy. Hyzmat filmleriň, teleseriýallaryň, multfilmleriň ýygyndysy bolan onlaýn- kinoteatrdyr.

Filmleriň sany yzygiderli köpelýär we ýakyn wagtda dünýä klassik filmlerinden başlap, 2021-nji ýylyň täze önümlerine çenli 5000-den gowrak dürli žanrlardaky film we seriýallar elýeterli bolar. Bu hyzmat enjama däl-de, internet liniýasyna birikdirilýär. Bu, bir maşgala agzalarynyň hemmesiniň bu hyzmatdan peýdalanyp biljekdigini aňladýar.

Sekuntda 8 megabite çenli tizlik, şol bir wagtyň özünde birnäçe enjamdan onlaýn film görmäge mümkinçilik berer.

Abuna ýazylyş bahasy aýda 30 manat, hyzmaty abonentiň şahsy otagynda, şeýle hem “Turkmentelekom” EAK-nyň abonent bölümlerinde birikdirip bilersiňiz.

Hyzmat diňe bir Android we iOS däl, kompýuterden görmek üçin web wersiýasy hem häzirki wagtda film.belet.com.tm sahypasynda işlenip düzülýär. Onlaýn-kinoteatryň WEB wersiýasy ýakyn wagtda elýeterli bolar. Enjamyň ýadyna film göçürip, internetsiz film görmek mümkinçiligi hem göz öňünde tutulandyr.

Hyzmat täze işe girizilendigi sebäpli, belki-de ulanyjylaryň hemmesi gözleýän zadyny tapyp bilmez, beýle ýagdaýlar üçin biziň belet@online.tm salgymyza e-poçta iberip bilersiňiz. Filmiň ýa-da seriýalyň adyny ýazyň, “Belet Film” topary gysga wagtda siziň islegleriňizi kanagatlandyrar.

Habarlaşmak üçin:

Maglumat merkezi: 071

IMO: +993 61 392241

IG: @beletvideo

belet@online.tm

 

Terjime etmek funksiýasyny kämilleşdirdi

Ýene-de okaň

“TikTok” ABŞ-daky aktiwlerini satmak boýunça ylalaşyk baglaşdy

Hytaýda ýol polisiýa işgärleri emeli aň äýnekleri ulanyp başlady

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär

BMG: dünýäde internet ulanyjylarynyň sany 6 milliarddan geçdi