SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Taýland 18 aýdan soň gapylaryny açýar

Taýland 18 aýdan soň syýahatçylara gapylaryny açdy. Ýurt “Covid” sanjymy edilen 60-dan gowrak “pes töwekgelçilikli” ýurtdan syýahatçylara karantine girmezden ýurda girmäge mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda bu ýurda on müňlerçe syýahatçynyň gelmegine garaşylýar. Geljek ýyl syýahatçylaryň sanynyň 15 milliona ýetjekdigi we 30 milliard dollardan gowrak girdeji gazanjakdygy çak edilýär. Şeýle-de bolsa, ýurduň ilatynyň aglaba bölegi henizem çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolup, bary-ýogy 42% sanjym edildi.

Paýtagt Bangkokyň we syýahatçylyk Phuketiň howa menzillerinde ýewropaly syýahatçylaryň köpüsini gorag enjamlary geýen işgärler garşy aldy. Nemes syýahatçysy Marsel Florian Popp howa menzilindäki dostlary bilen pasport gözegçiligini geçirenden soň: “Kagyz resminamalary köp tagalla we göreş talap etdi, ýöne ýene syýahat etmek we adaty durmuşa dolanmak gowy boldy” -diýdi.

Myhmanlar uçardan düşenden soň “Covid-19” synagyny geçirmeli we ýurtda erkin syýahat etmezden ozal netijelere garaşmak üçin hökümet tarapyndan tassyklanan myhmanhanada bir gije geçirmeli.

Taýland-da günde 10,000 töweregi täze koronawirus keseli ýüze çykýar. Syýahatçy Çaýagorn Boonyapak “BBC”-ä beren interwýusynda: “Köprüniň ujundaky çala ýagtylygy gören ýaly – iki ýyl bäri işläp bilmedik. Ýöne müşderiler we syýahatçylyk kompaniýalar üçin gezelençleriň täzeden meýilleşdirilmegine bir aý gerek bolup biler. Hökümetiň hakykatdanam ýurdy doly açyp biljekdigini ýa-da bilmejekdigini bilemzok, ýöne açar diýip umyt edýärin. Ählimiz işimize gaýdyp gelmek isleýäris” -diýdi.

Koronawirus pandemiýasy, öň ýylda 40 million syýahatçyny özüne çekýän Taýland ykdysadyýetine uly täsir etdi. Geçen ýyl bu ýurda gelýän syýahatçylaryň sany 80% -den gowrak azaldy.

Taýland hökümeti syýahatçylyk girdejileriniň 2023-nji ýyla çenli pandemiýa derejesinden gaýdyp geljekdigini çaklaýar, ýöne köp pudak hünärmenleri Hytaýyň serhet geçelgeleriniň ýapylmagy pudagyň dikelmegine päsgelçilik döreder diýýärler. Sebäbi pandemiýadan öň hytaýly syýahatçylaryň köpüsi bu ýurda syýahat edýärdi. Ýurda 2019-njy ýylda Hytaýdan takmynan 12 million syýahatçy gitdi.

Syýahat çäklendirmelerini ýatyran döwletleriň arasynda ABŞ, Angliýa, Hytaý, Ýaponiýa we Ýewropa ýurtlarynyň köpüsi bar.

 

Hindistan gurakçylygyň çözgüdini gözleýär

Ýene-de okaň

Aşgabat — Türkmenbaşy ugry boýunça howa gatnawlaryny gaýtadan dikelder

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” içerki gatnawlaryň tertibini täzeledi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin goşmaça howa gatnawlary ýola goýar

Rus lukmany Türkmenistanda ýerli hünärmenler bilen tejribe alyşýar

Pars aýlagy üçin bitewi syýahatçylyk wizasy döredilýär

Üçýyldyz 23-nji iýulda dogdy