BIZNES

«Tatneft» – Hazar deňziniň türkmen zolagynda gözleg işlerine gatnaşyp biler

«Tatneft» JPJ Hazar deňziniň türkmen kenarýakasyndaky ýalpaklykda nebit-gaz ýataklaryny gözlemek işlerine gatnaşyp biler. Bu barada anna güni Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň  metbugat gullugy onuň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren  duşuşygynyň netijesinde  žurnalistlere habar berdi.

Habarda  şeýle diýilýär: «Ýakyn wagtlar üçin «Tatneft» JPJ bilen  «Türkmennebit» döwlet konserniniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde geljegi uly hasaplanýan taslamalar şulardan ybaratdyr:  täze nebit guýularyny burawlamak we gurmak;  Türkmenistanda nebit ýataklarynyň sanly geologiki we gidrodinamiki nusgalaryny döretmek, nebit  çykaryjy  enjamlary (buraw dolotasy, turbalar, sorujy abzallaryň diagnostikasy we beýlekiler) abatlamagyň  önümçiligini ýola goýmak hem-de  Hazar deňziniň türkmen zolagyndaky çig mal ýataklarynda gözleg işlerine gatnaşmak».

Türkmenistan bilen «Tatneft» 2008-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk saklaýar. 2021-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda «Tatneftiň» Türkmenistandaky şahamçasynda  öň ulanylan  sorujy-dykyzlaýjy turbalary gaýtadan dikeldiji önümçilik bölümi  işe girizildi.

Geçen ýylyň dekabr aýynda Tatarystanyň Prezidenti  ТАСС-yň habarçysyna beren jogabynda  «Tatneft» JPJ-niň nebit çykarmagy artdyrmaga gönükdirilen hyzmat boýunça ylalaşyklaryň Türkmenistanda üstünlikli amala aşyrylýandygyny  belledi. «Türkmennebit» döwlet konserniniň iki sany magdan käninde toplumlaýyn önümçilik çäreleriniň ornaşdyrylmagy 280 müň tonnadan hem köpräk  «gara altyn» almaga mümkinçilik berdi. Bu taslamanyň giňeldilmegi ýerastyndan goşmaça 770 müň tonna çig mal çykarmaga  ýardam eder.

Geçen ýylyň dekabr aýynyň başynda  «Tatneft» we  «Türkmennebit» döwlet konserni Goturdepe nebitgaz ýatagynda 2028-nji ýyla çenli guýularyň öndürijiligini  ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada goşmaça şertnama baglaşdylar.

Ol ýerasty gatlaklarda nebit çykarylyşynyň netijeleligini ýokarlandyrmakda kompaniýalaryň hyzmatdaşlygynyň gerimini has-da giňeldýär.  Şoňa laýyklykda, «Goturdepe» NGÇM-niň birinji, ikinji we üçünji nebit öndüriji bölümleri  işleriň toplumlaýyn meýilnamasyna goşuldy. Şol  ýerlerde «Tatneft» 2011-2014-nji  we 2018-2020-nji ýyllarda öz tehnologiýasyny ornaşdyrdy.  Taraplar 2018-nji ýylda «Türkmennebit» döwlet konserniniň magdan känlerinde hyzmatdaşlyk hakda Ähtnama gol çekdiler.

«Tatneftiň»  esasy paýdary – Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respulikasydyr, oňa kompaniýanyň paýnamalarynyň 36% -i degişli. Paýnamalaryň 3%-e golaýy gaznaçylyk aksiýalary, 25,75%-i bolsa ADR-de ýerleşdirilendir. Galan paýdalar  aksiýalaryň 34%-niň eýesidir.

Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Gyzykly maglumat: Aşgabada ilkinji demir ýol haçan geldi?

 

 

Ýene-de okaň

Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň harytlaryň sergisi geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistan Malaýziýa bilen oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder

“Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergi geçiriler

“Kudo Kudo” türk fasfud restorany Türkmenistanda