SIZDEN GELENLER

Täsin geografiýaly toprak

Täsin geografiýaly topraklaryň içinde käte –käte olaryň gözelligini synlamak hem- de şol gözellikleriň içi bilen toprakdaky gudratly suwlary, magdan känlerini synlamak täsin zatlaryň biri. Hat-da Magtymguly Pyragynyň eserlerinde belli bolşy ýaly topragyň baýlygy, berekedi onuň altyny, käni, nebiti , gazy we şuňa meňzeş ýyly suwlarydyr, mineral önümleri bilen bellidir. Şol topraklarda nebit käniniň ýataklarynyň tapylmagy, dag jynsly jisimlerde bolsa olaryň galyndylarynyň bolmagy tebigata garylan müňlerçe elementleriň birigip, adama hyzmat edýändigine haýran galýarsyň.

Türkmen topragynyň täsinlikleri, olarda önýän magdanlaryň, känleriň geň galdyryjy häsiýeti hem topragymyzda bol nebit we gaz känleriniň tapylmagy we bu iň wajyp hem adamzada hyzmat edýän usullara öwrülmegi bu günki gün türkmen topragynyň döwletliliginden söz açýan uly bir mukam bolup biler. Ýurdumyzyň nebit we gaz ulgamynda zähmet çekýän hünärmenleriň gözleriniň göreji ýaly saklaýan hem- de halk bähbitli işlere, dünýä bazarlaryna çykarmak üçin topragyň gursagyndan alýan nebitdir – gazlarynyň bu günki gün belli bahasy ýok. Hut şol sebäpli hem biz öz topragymyza “Bereketli toprak” diýmäge doly mümkinçiligimiz bar. Gahryman Arkadagymyz  we Arkadagly Serdarymyz halkymyzyň bol- elin durmuşda ýaşamagy üçin bu bereketli topragyň goýnunda zähmet çekýän hünärmenleriň- de armasyny gaýgyranok. Hemişe olar bilen duşuşyklar geçirip, bu edilýän il bähbitli işlerde hünärmenleriň işleriniň ýokarydygyny belleýär.

Rahat Berdiýew,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy: ykdysady syýasatyň esasy ugry

Ýylymyzyň şygary-ýolumyzyň çyragy

Döredijilik äleminiň gapysy: surat we çyzuw

Türkmen dili-milli guwanjymyz we ruhy hazynamyz

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri