SPORT

Taryhynda ilkinji gezek Angliýanyň kubogyny eýeledi

Angliýanyň kubogyny gazanmak ugrundaky ýaryşyň final duşuşygynda “Çelsi” bilen “Lester” toparlary duşuşdy. Duşuşykda 1:0 hasabynda ýeňiş gazanan “Lester” topary taryhynda ilkinji gezek Angliýanyň Kubogyny gazanmagy başardy.

“Lesteriň” bu üstünligi hem-de gazanan kubogy Angliýanyň kubogynyň 44-nji ýeňijisi bolmagyna getirdi. Topar 5 gezek Angliýanyň kubogynyň finalyna çykmagy başardy. 4 sanysynda utuldy we ahyry soňkusynda ýeňiş gazanmak başartdy.

“Lester” toparynyň tälimçisi Brendan Rojers özüniň tälimçilik karýerasyndaky ilkinji kubogyny gazandy.

Dünýäniň iň gadymy kubogy hasaplanýan Angliýanyň kubogyny gazanmak toparlar üçin çempionlykdan hem ýokary üstünlik hasap edilýär.

“Lester” topary 5 ýyl mundan ozal Angliýanyň çempionatynda çempion bolupdy.

Tatarystanyň Prezidenti iş sapary bilen Türkmenistana geldi

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi