BIZNES

Taryhy nyşanyny täzeledi

Dünýä belli awtoulag öndürijisi bolan “Peugeot” taryhy nyşanyny täzeledi. Fransiýanyň bu kompaniýasy soňky 10 ýylda öndürýän ulaglarynyň ähli görnüşlerini täzeledi we bu gezek özüniň belli nyşanyna hem üýtgeşikler girizdi.

Kompaniýanyň ýolbars şekilindäki nyşanyny täzeledi. Täze nyşan “Peugeot Design Lab” studiýasy tarapyndna taýýarlandy. 1850-nji ýyldan bäri “Peugeot” kompaniýasynyň ýolbars şekilli nyşanynyň 10 dürli görnüşi bar. Bu gezek onuň 11-nji görnüşi halk köpçüligine hödürlendi.

Dünýäniň iň gadymy awtoulag markasy “Peugeot” bu barada beren beýanatynda, täze nyşanyň kompaniýanyň taryhynda täze sahypa açjakdygy mälim edildi.

“Peugeot” kompaniýasy 2020-nji ýylda 210 ýyllygyny belledi we “dünýäde iň gadymy awtoulag markasy” hökmünde kabul edildi.

Kompaniýa 2021-nji ýylyň ahyryna çenli Ýewropadaky ulaglarynyň 80 göterimini elektrikleşdirip, 2025-nji ýyla çenli olary 100 göterime ýetirmegi meýilleşdirýär.

 

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler