BIZNES

Tanymal türkmen markalaryny döredýän studiýa

Türkmenistanda hususy telekeçiligiň we önümleriň ýylsaýyn artmagy netijesinde bazardaky bäsdeşlik şertleri hem diýseň ýokarlanýar. Bäsdeşligiň güýçli bolan bazarynda girdejileriň artmagy diňe önümiň hilini ýokarlandyrmak we sarp edijileriň ünsüni özüňe çekip bilmek arkaly mümkindir. Telekeçi öz adam kapitalyna üns bermek arkaly önümiň hilini ýokarlandyryp bilýär. Sebäbi has önjeýli işleýän we sowatly hünärmenler has gowy önümi döredip bilýär. Ýöne, sarp edijileri özüňe çekmek hem örän uly ähmiýete eýe. Eger önüm sarp edijileriň ünsüni çekmese, onda onuň neneňsi gowy önümdigini önümçiniň özünden başgasy bilmeýär. Şeýlelikde, marketde öz ornuny tapmak isleýän islendik önüm brending we dizaýn aýratynlyklaryna üns bermeli bolýar.

Bir markany bazara çykarmak we üstünlik gazanmak kän zähmet talap edýär. Soňky döwür ýurdumyzda alyjylaryň ynamyna giren islendik türkmen markasy brending aýratynlyklary babatda tapawutlanýandyr. Hat-da alyjylar üçin önümiň diňe bir dizaýny däl, onuň ady hem möhüm ähmiýete eýedir. Mysal hökmünde ýurdumyzda alyjylaryň ynamyna giren käbir türkmen markalaryny alyp göreliň: Mahmal, Bold, Baltea, Buzz, Belliso — bularyň diňe dizaýny däl, ady hem özüne çekiji. Bu markalar dünýäniň islendik bazarynda hem alyjylary özüne çekmäge ukyply.

Ady agzalan we başga-da ençeme tanymal türkmen markalarynyň brend keşbi ýurdumyzda ýedi ýyldan gowrak wagt bäri hereket edýän «Belli Creative» studiýasy tarapyndan döredildi. Studiýanyň hünärmenleri brending hyzmatlary babatda dünýäde ykrar edilen metodikalardan peýdalanýar. Her bir döredilýän önümiň ady, onuň dizaýny we strategik konsepti diňe ýerli önümler bilen däl, halkara derejesinde meşhurlyk gazanan markalar bilen hem deňeşdirilip kemala getirilýär. Analizler geçirilýär, alyjylaryň demografik aýratynlyklary seljerilýär, psihografik häsiýetleri anyklanýar.

Gözlegler netijesinde anyklanan maglumatlara esaslanyp bazar üçin iň dogry geljek konsept döredilýär. Gözleg we dizaýn prosesi birnäçe aýa çekip bilýär. Sebäbi, üstünlikli marka çykarmak uly zähmet talap edýär.

2014-nji ýylda esaslandyrylan «Belli Creative» at goýmak, brend strategiýasy düzmek, marketing dilini anyklamak, dizaýn etmek ýaly kreatiw hyzmatlaryň ençemesini hödürleýär. Ýakynda studiýanyň hyzmatlarynyň möçberi has-da artdy. Indi olaryň hataryna arhitektura, web dizaýny we programma üpjünçiligi ýaly hyzmatlar hem goşuldy.

Studiýanyň portfoliosynda ýurdumyzda giňden tanalýan brendleriň ençemesini tapmak mümkin. Olary bilen «Belli Creative» täzelenen www.bellicreative.com web sahypasynda tanyşmak mümkin.

 

Talyp wizasy boýunça bildiriş

Ýene-de okaň

Türkmenistan Malaýziýa bilen oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder

“Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergi geçiriler

“Kudo Kudo” türk fasfud restorany Türkmenistanda

“Bloomberg”: Mask 400 milliard dollardan gowrak baýlygy bolan ilkinji adam