TESWIRLER

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Tanyşmaýan adamlara sesli habar ýa-da ýazgy ugratmak edep kadalaryna laýyklykda käbir zatlary göz öňünde tutmagy talap edýär. Habaryňyzy ugratmazdan öň aşakdaky düzgünleri berjaý etmegiňiz maslahat berilýär:

Rugsat almak – Tanyşmaýan adama sesli habar ýa-da tekst ýazjak bolanyňyzda, ilki bilen “Sesli habar/ýazgy ugratmagym mümkinmi?” diýip soramak dogry bolar. Bu, garşyňyzdaky adamyň siz bilen habarlasmak isleýändigine hormat goýýandygyňyzy görkezýär.

Salamlaşmak – Habaryňyz sesli bolsun ýa-da tekst, her ýagdaýda salamlaşmak bilen başlamaly. Salamlaşmak edep kadalarynyň bir bölegi we adamda gowy täsir galdyrar.

Gysga we manyly bolmak – Habaryňyzyň mazmunyny gysga, düşnükli we anyk edip beýan ediň. Uzyn habarlardan gaça duruň, sebäbi diňlemek ýa-da okamak üçin wagt talap edip biler.

Habar ugratmagyň wagty – Habaryňyzy iberýän wagtyňyza üns beriň. Gije sagatlarynda ýa-da dynç alyş wagty habarlary ugratmak edepden däl. Eger-de habary ugradýan adam bilen wagtyňyz ( sagat tapawydy)  tapawutly bolsa, muny göz öňünde tutuň we habaryňyzy amatly wagtda iberiň.

Hormat goýmak – Sesli habar ýa-da tekst ýazmagyň öň ýanynda, ol adam bilen habarlaşmaňdan öň onuň hasabynda ýa-da platformasynda öňe sürlen zatlara serediň. Belki-de, ol meselede giňişleýin düşündiriş edipdir we sorag bermänkä şol maglumatlary okamak ýa-da diňlemek maslahatl berilÿar. Sorag bermezden öň, onuň öňki jogaplaryny gözden geçirmän, göni sorag bermek adamlary hormatsyz hasap etdirip biler.

Sesiňiziň we ýazgyňyzyň ýumşak bolmagy – Sesiňizi asuda we açyk edip, ýazgylaryňyzy bolsa mylakatly we düşnükli edip beýan ediň. Bu, habaryňyzyň has düşnükli we mylakatly bolmagyny üpjün eder.

Şahsy maglumatlary paýlaşmakdan gaça durmak – Tanyşmaýan adamlara şahsy maglumatlar ýa-da aýratyn zatlar barada habar ibermekden saklanyň.

Sagbol diýiň –   Hiç kim size jogap bermek borjy ÿok. Şol sebäpli size berlen jogap yeterlik bolmasa hem sagbol diýiň.

Ýene-de okaň

14 möjek nähili 94 milliard dollarlyk bähbit emele getirdi?

Ata Watan Eserleri

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri

Emeli aň (AI) ýa-da emeli intellekt sebäpli işden çykarmalar başlady