JEMGYÝET

Talyp gyzymyz altyn medal gazandy

Türkmen türgeni Saýara Awezmetowa jiu-jitsu görnüşi boýunça ýaşlaryň arasynda dünýä çempionatynda altyn medal gazandy. Ýakynda Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabi şäherinde sportuň jiu-jitsu görnüşi boýunça ýaşlaryň arasynda dünýä çempionaty geçirildi. Bu ýaryşa 40 dan gowrak ýurtdan 500-e golaý türgen gatnaşdy. Paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň II ýyl talyby Saýara Awezmetowa bu ýaryşda 49 kg agram bilen çykyş etdi we  altyn medalyň eýesi boldy. Ýeňiş gazanan gyzymyz Türkmenistanyň söweş sungat federasiýasynyň tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi şeýle hem, Türkmenistanyň baş tälimçisi Döwletmyrat Kasymowdan tälim alyp, sportuň bu görnüşiniň inçe syrlaryny içgin öwrenýär.

Saýara  2018-nji ýylyň iýul aýynyň 10-16 iýul aralygynda Gazagystan respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen 21 ýaşa çenli ýaş ýetginjekleriň we gyzlaryň arasynda Aziýa çempionatynda hem üstünlik çykyş edip, Aziýanyň çempiony bolmagy başarypdy. Saýara 2019-njy ýylda Gazagystan respublikasynyň paýtagty bolan, Nur-Soltan şäherinde geçirilen Ju-Jitsu Grand Priz Nur Sultan ýaryşda hem baş baýragyň eýesi boldy. Biz hem, Saýara indiki ýaryşlarynda üstünlikleriň ýar bolmagyn arzuw edýäris.

Aýşirin ALYÝEWA

Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş uniwersitetiniň talyby

Ýene-de okaň

“Aga gurluşyk” hususy kärhanasy Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisinde Irlandiýa Respublikasynyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

EKSPO-2025: Türkmenistanyň pawilýony 2 milliondan gowrak myhmany kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Stanfordly türkmen alym: “Makul Sözlük” – nesiller bilen diaspora arasynda gurlan täsin bir köprüdir

Antoniu Guterriş Türkmenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri