DÜNÝÄ

Täjigistan emeli aň boýunça kanunçylyk binýadyny döredýär

Täjigistan Respublikasynyň Prezident Emomali Rahmon Täjigistan Respublikasynyň Oliý Mejlisinde «Respublikanyň içerki we daşarky syýasatynyň esasy ugurlary hakynda» eden çykyşynda Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Aragatnaşyk gullugyna Sanly ykdysadyýeti we innowasiýalary ösdürmegiň çäginde öňe sürlen konstruktiw başlangyjy durmuşa geçirmek maksady bilen «Täjigistan Respublikasynyň aragatnaşyk ulgamyny 2040-njy ýyla çenli ösdürmegiň strategiýasy» taslamasyny taýýarlap, Hökümete hödürlemegi tabşyrdy.

«Täjigistan Respublikasynyň Hökümeti ilaty ýokary tizlikli internet bilen üpjün etmek we telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmek, şol sanda şäherara optiki süýümli aragatnaşyk liniýalaryny täzeden gurmak we halkara liniýalaryň sanyny artdyrmak boýunça gyssagly çäreleri görmelidir», — diýip, döwlet Baştutany belledi.

Emomali Rahmon şeýle hem ýurduň Parlamentiniň sanly ykdysadyýete geçmek we emeli aňy ulanmak üçin hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça degişli çäreleri görmelidigini aýtdy.

Related posts

Dünýäde näçe hytaýly bar? Dekabrda belli bolar

Indoneziýanyň Prezidenti täze paýtagta göçýär

Stambul şäherinde Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýeti döredildi

Dr.Döwran Orazgylyjov