SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Syýahatçylygy işjeňleşdirmek üçin mugt awiapetek paýlar

Gonkongyň hökümeti syýahatçylyk pudagyny höweslendirmek maksady bilen 500 müň awiabiletleri mugt paýlamgy meýilleşdirýär. Bu barada ýerli gazetlerde degişli maglumat ýerleşdirildi.

Berilýän maglumata görä, indiki ýylyň başynda mugt awiapetekleri paýlamak kampanýasyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Gonkongyň hökümeti umumy bahasy 254 million dollara barabar bolan 500 müň awiapetegi mugt berer.

Bu aksiýa Gonkonga has köp syýahatçy çekmekden ybaratdyr. Gonkongyň hökümeti koronawirus bilen baglanyşykly ähli çäklendirmeleir ýatyrdy.

Mugt awiapetekler Gonkonga gelmek isleýän syýahatçylara däl, eýsem gidýän syýahatçylara hem berler.

2022-nji ýylyň 8 aýynda Gonkonga 184 müň syýahatçy geldi. Pandemiýadan öň 2019-njy ýylda Gonkong 56 million syýahatçy kabul edipdi.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär