DÜNÝÄ

Şweýsariýada 2020-nji ýylyň haýwany – tokaý pişigi

Şweýsariýanyň tebigaty goramak guramasy bolan « Pro Natura » 2020-nji ýyla tokaý pişigi diýlip yglan etdi. Gurama Şweýsariýada haýwanat dünýäsine ünsi çekmek üçin şeýle başlangyç bilen çykyş edipdir. Tokaý pişigi ýabany tokaýlyklardaky jandarlaryň “ilçisi” bolup, tebigaty goramanyň netijeli guraly bolar.

Soňky ýyllarda tokaý pişikleri ýitmek bilen bolýar. Şonuň üçin olary goralmagy hem-de köpelmegi üçin şertler döredilýär. Tokaý pişigi ýewropa pişigi diýlip hem atlandyrylýar. Olar Ýewropada, Aziýanyň demirgazygynda we Afrikada duş gelýärler. Şweýsariýada 1,6 million öý pişikleri we pişijekleri bar.

Related posts

Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 – 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy kabul edildi

Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

“Merkezi Aziýa-Russiýa” daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri