DÜNÝÄ

Ýaşamak üçin iň gowy şäherler

«Resonance Consultancy» kompaniýasynyň bilermenleri tarapyndan düzülen sanaw boýunça Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäheri «2020-nji ýylyň iň gowy şäheri» sanawynda birinji orny eýeledi. Kompaniýanyň bilermenleri bu sanawy düzen wagty käbir görkezijileri hasaba aldylar. Esasan hem, bu ugurda ilkinji görkeziji şäherleriň ilaty 1 milliondan gowrak bolmalydyr. Şeýle hem şäheriň howasy, howpsuzlyk derejesi, dynç almak we gezelenç üçin döredilen infrastrukturalar, bilim ojaklarynyň üpjünçiligi, howa menzilleri, restoranlary, dükanlary, ýaşaýjylarynyň bilim derejesi, raýatlarynyň girdejileriniň derejeleri, internetdäki jemgyýetçilik torlarynda şäheriň meşhurlygy ýaly ugurlar boýunça görkezijiler hem göz öňünde tutuldy.

Şonuň netijesinde birinji orny London eýeledi. Mundan başga-da, sanawda Nýu-Ýork, PariŽ we Tokio ýaly şäherler hem bar. Russiýanyň paýtagty Moskwa bäşinji orny eýeledi. Ilkinji onluga Dubaý, Singapur, Barselona, Los-Anjeles we Rim şäherleri hem goşuldy.

Related posts

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy köpçülikleýin welosiped ýörişini gurady

S.Berdimuhamedow bilen söwda ministri Mehmet Muşuň arasynda telefon söhbetdeşligi

Ata Watan Eserleri

Pakistanyň we Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistana geldi

Ata Watan Eserleri