DÜNYA

Şweýsariýada 2020-nji ýylyň haýwany – tokaý pişigi

Şweýsariýanyň tebigaty goramak guramasy bolan « Pro Natura » 2020-nji ýyla tokaý pişigi diýlip yglan etdi. Gurama Şweýsariýada haýwanat dünýäsine ünsi çekmek üçin şeýle başlangyç bilen çykyş edipdir. Tokaý pişigi ýabanwy tokaýlyklardaky jandarlaryň “ilçisi” bolup, tebigaty goramanyň netijeli guraly bolar.

Soňky ýyllarda tokaý pişikleri ýitmek bilen bolýar. Şonuň üçin olary goralmagy hem-de köpelmegi üçin şertler döredilýär. Tokaý pişigi ýewropa pişigi diýlip hem atlandyrylýar. Olar Ýewropada, Aziýanyň demirgazygynda we Afrikada duş gelýärler. Şweýsariýada 1,6 million öý pişikleri we pişijekleri bar.

Related posts

Türkmen Lider Singapur’a Gidecek

vepa

Türkmen Lider, Asya Oyunları hazırlıklarını inceledi

vepa

Bakanlar Kurulu Toplandı: Dış Gündem Değerlendirildi

vepa