BIZNES

Şu gün – milli manadyň dolanyşyga girizilen güni

Şu ýyl milli manadyň dolanyşyga girizilenine 28 ýyl dolýar. Mälim bolşy ýaly, 1993-nji ýylyň 1-nji noýabryndan ýurtda kabul edilen Kanuna laýyklykda, ýeke-täk kanuny töleg we hasaplaşyk serişdesi hökmünde türkmen manady we onuň bölek şaýylyklary bolan teňňe dolanyşyga girizildi.

Milli pulumyzyň dolanyşyga girizilmegi gönüden-göni pul bilen bagly bolan birnäçe meseleleri çözmegi talap etdi. Olardan manadyň durnuklylygyny, kadaly hereketini ýola goýmak, goraglylygyny üpjün etmek, satyn alyp bilijilik ukybyny ýokarlandyrmak ýaly çäreleri görkezmek bolar.

Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilen güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz hem öz Gutlag hatyny iberdi. Bu Gutlag hatynda:”Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi” – diýip bellenilýär.

Milli pul birligimiziň durnukly hereket etmegi köp babatda ýurdumyzyň bank ulgamynyň işjeňligine, onuň müşderilerine hödürleýän amallarynyň we hyzmatlarynyň görnüşlerine, hiline, şonuň ýaly hem töleg-hasaplaşyk işiniň ýola goýluşyna we oňa yzygiderli gözegçilige baglydyr. Häzirki döwürde bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýolbaşçylygynda dünýäniň ösen döwletleriniň we halkara maliýe-karz guramalarynyň baý tejribesini öwrenmek arkaly degişlilikde ýurdumyzyň bank ulgamyna ornaşdyrmak hem-de bank hünärmenleriniň hünär derejelerini kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Halkara Pul Gaznasy, Bütindünýä banky, Yslam ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasy ýaly guramalar bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň çägi has-da giňeldildi.

NAGT DÄL HASAPLAŞYK HEM IŞJEŇ ÖSDÜRILÝÄR

Ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek üçin, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan halkara tejribäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary barha ýaýbaňlandyrmak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň çäginde raýatlarymyz «Altyn asyr», «Millikart», «Maşgala», «Milli VISA», «Goýum bank karty», «Owerdraft karty», şeýle hem halkara «VISA» we «MasterCard» bank kartlaryny peýdalanmak arkaly dürli görnüşli nagt däl hasaplaşyklaryň giň mümkinçiliklerinden peýdalanýarlar.

2021-nji ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna ýurdumyzyň bank kart ulgamynda hasaba alnan bank kartlarynyň sany 4712,6 müňden, töleg terminallarynyň sany 41 müňden geçdi. Töleg terminallaryndan 16,5 müňden gowragy ýa-da 40 göterimi döwlete dahylly edaralarda we 24,5 müňden gowragy ýa-da 60 göterimi döwlete dahylly bolmadyk edaralarda ornaşdyryldy.

 

Aýyň täleýnamasy: Noýabr

Ýene-de okaň

Eýranda maliýe özgertmeleri: pul birligi çalyşýar

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi

“Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan” demirýoluň gurluşygyna başlanýar

Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň harytlaryň sergisi geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistan Malaýziýa bilen oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder

“Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri