JEMGYÝET

Stanfordly türkmen alym: “Makul Sözlük” – nesiller bilen diaspora arasynda gurlan täsin bir köprüdir

Türkmen ene dilime iň belent hormatymy we söýgimi bildirýärin. Meniň üçin türkmen dili diňe bir dil däl — ol meniň şahsyýetimiň ruhy, ata-babalarymyň yzlary, milli buýsanjymyň binýady. Aziýadan Ýewropa çenli birnäçe dili öwrenen biri hökmünde, türkmen diliniň dünýäniň iň güýçli, iň köpugurly we iň täsirli dilleriniň biridigini ynam bilen aýdyp bilýärin. Ol asyrlaryň şygyrýetini, pähim-parasatyny we taryhyny özünde jemläp, bir wagtda döwrebap durmuşyň talaplaryna laýyk uýgunlaşma we anyklyk aýratynlygyny hem saklaýar.

Şonuň üçin Dr. Orazgylyjow ýaly alymlaryň aýratyn yhlasyny görenimde çäksiz buýsanç we begenç duýýaryn. Onuň taýýarlan “Makul Sözlüg”i diňe bir sözleriň ýygyndysy bolman, nesiller bilen diasporanyň, däp-dessur bilen döwrebap bilimiň arasynda gurlan bir köprüdir. Bu sözlük arkaly türkmen sözleri, söz düzümleri we nakyllary geljekki nesiller üçin goralyp, dünýäniň ähli ýerindäki öwrenijilere we alymlara elýeterli bolýar. Biziň ýaly diasporada ýaşaýanlar üçin bu kitap diňe bir çeşme bolman, çagalarymyzy ata-babalarymyzyň mirasyna baglaýan hem-de türkmen diliniň gözelligini dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrýan jan diregi bolup hyzmat edýär.

Häzirki wagtda dünýäniň bir-birine berk baglanyşýan döwründe, dilleriň köpdürliligi has-da gymmatly bolup barýan mahalynda, şeýle goşantlar türkmen diliniň dünýäniň esasy dilleriniň hatarynda buýsanç bilen orun almagyna mümkinçilik berýär. Bu tagalla diňe bir gorap galmak hereketi däl, eýsem türkmen dilini halkara ylmy, medeni we tehnologik giňişlikde berk ornaşdyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli bir maksatdyr.

Öz çagalarymy Watanymdan uzakda terbiýeleýän bir türkmen kakasy hökmünde, bitmez-tükenmez yhlasy we hyzmatlary üçin Dr. Döwran Orazgylyjowa çuňňur minnetdarlyk bildirýärin. Türkmen diliniň baýlygyny öwrenmek we bu gymmatly diliň geljek nesiller üçin ösdürilmegine goşant goşmak isleýän ähli türkmen maşgalalaryna, dilçiler bilen dil söýüjilere “Makul Sözlügi” tüýs ýürekden maslahat berýärin.

Türkmen alymy barada…

Dr. Wahidullah Tac häzirki wagtda Stanford Uniwersitetiniň Bioinženerçilik bölüminde ylymlaryň doktory derejsinden soňky ylmy işleri alyp barýar. Onuň ylmy-barlaglary, maşyn öwreniş usullary arkaly fiziki kanunlaryň saklanmagyna aýratyn üns berip, adam beýnisiniň biomekaniýasyny we çylşyrymly material häsiýetlerini has giňişleýin öwrenmäge gönükdirilendir.

Ol Purdue Uniwersitetinde Mekanik Inženerçilik boýunça doktorlyk derejesini aldy. Doktorlyk işinde hiperelastiklik, wiskoelastiklik we material zeperlenmeleri boýunça fizika bilen bagly maşyn öwreniş modellerini işläp taýýarlady. Fiziki kanunlary emeli intellekt modellerinde berk çäklendirmeler hökmünde ulanmak arkaly has takyk we ygtybarly hasaplaýyş çarçuwalaryny döretmäge üstünlik gazandy.

Stanforddaky gözleglerinde Dr.Tac emeli intellekti biomehanika bilen utgaşdyrmagy dowam etdirýär. Ýakynda ol Generatiw AI’da ulanylýan diffuziýa modellerini uýgunlaşdyryp, hiperelastiklik üçin fizika bilen bagly döredijilikli çarçuwany işläp düzdi. Onuň gözlegleri inženerligiň esaslaryny ösen maşyn öwreniş bilen utgaşdyryp, hem hasaplaýyş ylmyna, hem-de adam saglygyna möhüm goşant goşýar. Mundan başga-da, Dr.Tac, dünýäniň iň abraýly ylmy baýraklarynyň biri hasaplanýan “Schmidt Science Fellow” baýragyna mynasyp boldy. “Forbes” žurnalynyň belleýşi ýaly, bu baýrak ýaş alymlara öz ugurlarynda dünýä derejesinde öwrüji işleri geçirmäge mümkinçilik berýär.

 

 

AZAT NAZAROW: “MAKUL SÖZLÜK” IŇLIS DILINI ÖWRENÝÄNLER ÜÇIN ÝEŇILLIK

Atamyrat Şagulyýew: “Makul Sözlük”-täze dil köprüsi

Ýene-de okaň

EKSPO-2025: Türkmenistanyň pawilýony 2 milliondan gowrak myhmany kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Antoniu Guterriş Türkmenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň mejlisi Türkmenistanda geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti “IGNFI” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering Corporation”kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi