SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Stambullylara hoş habar: örtükler dakynmak ýatyrylar

Türkiýäniň iň uly hem-de köp ilatly şäherleriniň biri bolan Stambulda 6,5 million adama sanjym edildi. Ýene-de 3 million adama sajym edilenden soňra köçelerde agyz-burun örtügini dakynmak düzgüni ýatyrylar.

Türk metbugatynyň habar bermegine görä, Türkiýede soňky döwürde köpçülikleýin sanjymda rekord goýulýar. Her gün diýen ýaly müňlerçe adam sanjym edilýär. Stambul şäherinde hem sanjym üpjünçiligi wagtynda amala aşyrylyp, 3 million adam ýene-de sanjym alan halatynda, iýul aýynda örtük dakynmak hökmanylygy aradan aýrylar.

Stambulyň häkimi Ali Ýerlikaýa 3 hepdäniň dowamynda 35 ýaşdan uly ýaşly adamlara sanjym edilmegini gazanmagy göz öňünde tutýandyklaryny belledi.

Stambulyň welaýat saglyk müdiri Prof. Dr. Kemal Memişoglu örtügi açyk howada, belli tomus möwsümde dakynmagy gowşadyp biljekdiklerini mälim etdi. Stambulda 9,5 million adama sanjym etmek gerek. Häzirki wagtda 6 million 531 müň adama sanjym edildi. 2,5 million adam sanjymyň 2 dozasyny hem aldy. Stambulda 2,5 million adam doly sanjymdan geçdi.

Türkiýede sanjym eden lukmanlara goşmaga zähmet haky tölenýär. 4 aý möhletde olara goşmaça haklaryň tölenmegi göz öňünde tutulýar.

 

 

Ýewropa çäklendirmeleri ýatyryp başlady

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar