MEDENIÝET

“Squid Game” “Netflix”-iň iň meşhur filmleriniň birine öwrüldi!

Oktýabr aýynyň başynda 90 ýurtda iň köp tomaşa edilen film bolan “Squid Game”-iň üstünligi, daşary ýurtlulara Günorta Koreýanyň çylşyrymly sosial gurluşyna göz aýlamagy bilen baglanyşykly.

Iň gyzykly hekaýalary bilen bir hatarda, Günorta Koreýadaky gündelik durmuşa täsir edýän hakyky wakalaryň görkezilişi möhüm öwgä eýe boldy. Bu drama Seuldaky iki maşgalanyň gapma-garşylykly durmuşyny beýan edýän “Parazite” filminden soň ýüze çykdy.

“Parazit” 2020-nji ýylda iň gowy film bolup, Oskar gazanan we iňlis dilinden başga dilde düşürilen ilkinji film boldy. Film iň gowy režissýor baýragyny almak bilen ýene bäş Oskar gazandy. Günorta Koreýa jemgyýetiniň sosial meselelerinden şu wagta çenli habarly bolmadyk halkara tomaşaçylary indi olardan habarly. “BBC” dünýä habarlary gullugyndan Fernando Duart filmde görkezilen esasy meseleleri derňedi.

Şeýle hem bu film Demirgazyk Koreýadan Günorta gaçýanlaryň hekaýalary bilen baglanyşykly. Model Jung Ho-yeonyň ýerine ýetiren Sae-byok gahrymany, Demirgazyk Koreýadan gaçyp barýarka aýrylyşan maşgalasyny birleşdirmek üçin zerur pul gazanyp, maşgalasyny birleşdirmek umydy bilen oýna goşulýar. “Squid Game” –iň has duýgudaş gahrymanlaryndan biri, pakistanly immigrant we zawod işgäri Ali Günorta Koreýanyň başlygy birnäçe aýlap aýlygyny tölemeýän mahaly bäsleşige goşulýar.  Ol aýalyny we çagasyny terk etmeli bolýar.

Bu film häzirki wagtda müňlerçe adam tarapyndan görülýär we birnäçe adamyň ünsüni özüne çekmäni başarýar. Ýöne muňa garamazdan käbir döwletlerde bu filmi görmeklik maslahat berilmeýär, esasan hem çagalara gadagan edilýär.

 

70 ýaşynda ilkinji bäbegini dünýä inderdi

 

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy