DÜNÝÄ

Sport we ýaşlar syýasaty boýunça habarlar merkezi dörediler

Ýurdumyzyň sport we ýaşlar syýasaty ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Watanymyzyň bu ugurlarda gazanýan üstünliklerini dünýäde giňden wagyz etmek, türgenleriň sportuň dürli görnüşlerinde gazanýan uly üstünliklerini has-da artdyrmak, bu ugurda döredilýän şertleri mundan beýläk-de giňeltmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde kagyzda neşir edilýän köpçülikleýin habar beriş serişdelerini elektron görnüşe sanly ulgama geçirmek, Türkmenistanyň internetiň habarlar-täzelikler ulgamyna gatnaşmagyny giňeltmek, saýtlar we beýleki web serişdeleri döretmek, gazet-žurnallaryň işlerini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen Sport we ýaşlar syýasaty boýunça habarlar merkezini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy.

 

Türkmenistanda wodorod energetikasy ösdüriler

Ýene-de okaň

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy