SPORT

Sport täzelikleri: iň gowy tälimçi we iň gowy derwezeban

“Flamengo” topary yzly-yzyna ikinji gezek Braziliýa çempionatynda ýeňiji boldular. Braziliýa çempionatynyň ahyrky tapgyrynda “Flamengo” topary 2:1 hasaby bilen “San-Paolo” toparynda ýeňildi. Iki utuk yzda barýan “Internasional” topary bu mümkinçilikde peýdalanyp bilmedi. Eger-de “Internasional” topary ýeňiş gazanan bolsa onda 1979-njy ýyldan soňra çempionatyň ýeňijisi bolup bilerdi. “Flamengo” topary taryhynda 8-nji gezek milli çempionatyň ýeňijisi bolmagy başardy.

*****

Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) iň gowy tälimçileriň sanawyny yglan etdi. Gurama – 1996-njy ýylda başlanan 25 ýyllyk tälimçi ses berişliginiň netijelerini çap etdi. Sanawyň birinji ornuny şotlandiýaly tälimçi Aleks Fergýuson eýeledi. Fergýuson meşhur “Mançester Ýunaýted” toparyny çempionatda birnäçe gezek hat-da yzly-yzlyna çempion etmegi başardy. Ikinji orna portugaliýaly Žose Mourinýo ýerleşdi. Mourinýonyň meşhurlygy “Porto” toparyndan başlady diýsegem ýalňyşmarys. Munuň sebäbi topary Çempionlar ligasynyň ýeňijisi edipdi. Baýrakly üçünji orna bolsa fransiýaly Arsen Wenger mynasyp boldy. Wenger hem öz döwründe Angliýanyň “Premýer-liga” çempionatynda taryh ýazmagy başardy. Ol “Arsenal” toparyny tutuş çempionatda boýunça bir gezek ýeňilmän topary çempion etmegi başardy.

*******

Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) iň gowy derwezebanlaryň sanawyny yglan etdi. Bu gurama 1987-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän ses berlişigini jemledi. Sanawda birinji orny italiýaly Janluiji Buffon eýeledi. Ikinji orny ispaniýaly Iker Kasilias, üçünji orny çehiýaly Petr Çeh eýeledi.

1987-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän ses berlişikde iň gowy 10 sany derwezebanlaryň sanawy:

1. Janluiji Buffon

2. Iker Kasilias

3. Petr Çeh

4. Wan der Sar

5. Manuel Noýer

6. Kasper Şmeýhel

7. Oliwer Kan

8. Hose Luis Çilawert

9. Walter Zenga

10. Andoni Subizaretta

 

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

Ýene-de okaň

Er-Riýadda boks gijesi: rus boksçylaryň çempionlyk tutluşygy

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” topary wagtyndan öň TFF-niň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi boldy

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijeleri çekildi

Messi 2025-nji ýyldaky ilkinji resmi goluny geçirdi

Gwardiola: Husanow geljekde güýçli futbolçy bolar

Luis Dias “Barselonada” oýnamak isleýär