TEHNOLOGIÝA

SpaceX: Inspiration4 Ýere gaýdyp geldi

Dört höwesjeň astronawt älem giňişliginde geçiren üç gününden soňra Atlantik ummanyna gelip gondy. Şeýlelikde, Ýer ýüzünde ilkinji gezek aralarynda profesional astronawt bolmadyk topar älem giňişligine gidip geldi.

Mälim bolşy ýaly, olar çarşenbe güni ABŞ-nyň Florida ştatyndan älem giňişligine göterilip, şenbe güni ýerli wagt bilen agşam sagat 19-da Ýere gaýdyp geldiler. Üstünlikli gonuşdan soňra, toparyň baştutany Isakman dolandyryş merkezinde: «Biziň üçin iňňän gowy uçuş boldy. Bu ― ajaýyp başlangyç» diýip hasabat berdi.

«Shift4 Payments» atly elektron söwda kompaniýasynyň 38 ýaşly baştutanynyň ýolbaşçylygyndaky topar ummana paraşýutlar arkaly gondy. Milliarderiň özi bu uçuş üçin näçe serişde sarp edendigi barada dil ýarmasa-da, «Time» žurnaly onuň Ilon Maskyň «SpaceX» kompaniýasyna 20 million dollar töländigini ýazýar.

Russiýadaky saýlawlarda “Ýedinaýa Rossiýa” öňde barýar

 

Ýene-de okaň

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler