BIZNES

“SpaceX” dünýädäki iň gymmatly hususy startap kompaniýasy boldy

Dünýäniň iň baý işewüri Ilon Maskyň “SpaceX” kompaniýasy maýadarlaryň kompaniýasynyň aksiýalaryny satyn almagy teklip edenden siňra dünýäniň iň gymmatly hususy startap kompaniýasy boldy.

Emeli hemra ulgamynda iş alyp barýan kompaniýanyň bazar bahasy 350 milliard dollara çenli ýokarlandy.

“SpaceX” we maýadarlaryň arasynda geçirilen gepleşiklerden soňra kompaniýanyň her biri 185 dollardan bolan aksiýalary 1,25 milliard dollary satyn alnar.

“SpaceX” kompaniýasy mundan ozal dünýäniň iň gymmatly startap kompaniýasy bolan “TikTok” jemgyýetçilik toruna eýeçilik edýän “ByteDance” kompaniýasyndan öňe saýlandy. Hytaýyň kompaniýasynyň bazar bahasy 300 milliard dollara deň bolupdy.

Related posts

Türkmenistan  “John Deere” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Miras şahadatnamasy : Gerekli Resminamalar

Birža täzelikleri: nah ýüplüge uly gyzyklanma

Ata Watan Eserleri