TESWIRLER

Söz we Hereket Bir Bolmalydyr!

Hemişe bolşy ýaly, bu gün agşamam maşgala agzalarymyz jem bolup, okuw, etika, gözellik, metbugat täzelikleri, okalan eserler dogrusynda özara pikir alşyp otyrkak, 1-nji synpda okaýan çagajygymyz ýanyma gelip:

-Näme üçin, mugallymymyzyň öz-ä 5-ligi şunuň ýaly ýazmaly diýip öwredýär, depderimize bolsa beýle goýýar- diýip, guýruk tarapy tagaşyksyz tegelenip, depesiniň kese çyzygam çäksiz uzaldylan 5-ligi görkezdi.

Bu düşnükli zat. Biz okuwçynyň sapaga jogap berşinden, ýazuw işinden göwnümiz bitende içki emosional joşgunymyzy söz bilen beýan edenimizden daşgary onuň bahasynda görkezýän wagtymyz hem seýrek bolmaýar. Muny biz 2-lik baha goýanymyzda-da şeýdýäris. Bu göräýmäge onçakly ýalňyşam däl ýalydyr. Emma inçeden yzarlasaň ýönekeý säwlik däl. Sebäbi  öz sözümizi, öz talabymyzy hereketimizde görkezemizok. Bu biziň sözümiziň gymmatyny gaçyrýar.

Biz okuwçylaryň arasynda beýleki okuw-terbiýeçilik işleri bilen bir hatarda edep-ekram, dogruçyllyk, adamkärçilik barada-da köp gürrüň geçirýäris. Emma okuwçylar bilen iş salşanymyzda bolsa käbirimiz hut özümiziň aýdýan zatlarymyzyň tersine gidýäris. Ujypsyz ýalňyşlygy üçin okuwçyny ýazgarýarys, sesimize bat berip gygyrýarys, pedagogik taktlylygy unudýarys.

Bir gezek ýaş mugallymlaryň biri meniň ýolbaşçylyk edýän 10-njy synpymda okaýan Aşyr diýen okuwçynyň özüni alyp barşyndan nadyl boldy. Men ikiçäk gepleşmek maksady bilen ol okuwçyny sapakdan soň alyp galdym. Gepleşige ýaňky mugallym hem gatnaşdy. Çolalyk aralaşanda mugallymyň göhi gelip ugrady. Ol ellerini owkalap, erinlerini ýyrşardýardy. Özem hyýrsyzdy.

-Hä, deýýus, ele düşdüňmi! Indi şu duran ýeriňde owyrdyňy owradaýsam nädersiň, ä…- diýip, ilerläp barýardy. Men ara düşdüm. Aşyry men oňat tanaýardym. Oňat okaýan okuwçydy, tertiplidem. Dogry ol tekepbirdi, öz diýenlidi. Zerurlyk bolmasa az gepleýärdi.

Mugallymyň bolmajysy bolup, näçeler dişini gyjasada, okuwçy birjigem düýrükmeýärdi, gözüni süzüp diňläp durdy. Okuwçy maňa ýüzlendi:

-Mugallym, men şu mugallymy-da beýleki mugallymlary hormatlaýşym ýaly hormatlaýaryn. Ýöne…

Okuwçynyň damagy doldy, aşak bakdy. Soň başyny galdyryp:

-Mugallymyň özi bizi deň tutmaýar. Dost-ýarlarynyň oglanlaryna adyny tutup ýüzlenýär. Maňa hem-de maňa meňzeşleriň bolsa adymyza beýle dursun, familiýamyzam dogry tutmaýar.”Haýt sen, pylanynyň ogly” diýip kejikdirýär. Şu näme dogrumy?-diýip hamsykdy.

Gürrüň gutardy. Mugallymyň şeýle tebigatynyň bardygyny öňdenem bilýärdim. Okuwçy däl, hut mugallymyň özi bilen geçirilen birnäçe gürrüňlerden soň konflikt aradan aýryldy. Şol okuwçy soň ýokary bilim alyp, göreldeli hünärmen bolup ýetişdi.

Şu taýda men mugallymyň ugur tapyjylygyna, pähim-paýhasyna degişli W.M. Korotowyň umumy redaksiýasy bilen çapdan çykan “Pedagogikadan leksiýalar” diýen kitabyndan bir parça mysal getirmekçi bolýaryn. Bir ýaş mugallyma ýokary synplaryň birine ilkinji sapagyny geçmäge baranda, synpdaky oglanlaryň hemmesi dilleşip, gara äýnek dakynyp oturýarlar. Nätmeli?! Şunda biz görnetin guralan prowakasiýa düşünip, onuň-munuň üstüne gygyryp, hemle baryny atarys, gygyryp wagt ýitireris. Garagol çagalara geregem şol. Emma ol paýhasly mugallyma beýtmändir. Hiç zat görmeýän ýaly bolup geçiberipdir. Tutan guşlarynyň ganatynyň mugallym tarapyndan eýýäm gyrlyp goýberilendigini aňan okuwçylar öz-özlerinden utanyp, 10-15 minut geçensoň äýneklerini aýyrmaga başlapdyrlar…

Biz başganyň zähmetini hormatlamak dogrusynda köp söhbet etsek-de kämahal hut öz okuwçylarymyzyň zähmetini gözden salýandygymyzy bilýärmikäk? Häli- şindi ýazuw-barlag işlerini alýarys. Emma welin şolary wagtly-wagtynda barlap, wagtly-wagtynda-da netijesini aýdýan saparlarymyz mydama bolup duranok. Okuwçy sapaga jogap berýär. Şänik döwen ýaly edip aýdyp dur. Ýokary baha goýaýmalydyr. Emma onuň haýsydyr bir tötänlikden eden etmişi üçin içigaralyk edip bahasyny kemýäris. Hut şular ýaly sebäp bilen okuwçyny synpynda galdyryp, azabyny köýdürip ýörenlerimiz az däl. Hany, biziň özümiziň başganyň zähmetine sarpa goýşumyz?! Okuwam zähmet ahyryn !

Türkmenistanyň Hormatly il Ýaşulusy Hojagylyç Nazarow

Ýene-de okaň

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri

Emeli aň (AI) ýa-da emeli intellekt sebäpli işden çykarmalar başlady