Sowuk howada deriniň aşa guramaklygy, gyzarmaklygy ýüze çykýar, solgun bolýar. Beden sowuk howa uýgunlaşmak we mümkin boldugyça özüni goramak isleýär. Şeýlelikde, deriniň ýokarky gatlagy galyňlanýar we gan damarlar giňelip başlaýar. Şeýle howa şertlerinde ýüzümizde adaty idegi ýygy-ýygydan ýerine ýetirip durmaly. Onuň üçin şu ýapgylardan peýdalanmagy maslahat berýäris.
Bir hurmanyň daşyny aýyrmaly. Soňra ony ezmeli. Taýyn bolan ýapgyny ýüzüňize çalmaly we 20 minut saklamaly. Hurma A, B1, B2, B3 witaminlere baýdyr. Ýapgy ýüzüňizi iýmitlendirýär we nemlendirýär.
Bir bulgur süýdi ýylatmaly. Onuň içine 1 nahar çemçe pakmaýany ezmeli. Taýyn bolan suwuklygy ýüzüňize çalyp, 15 minut saklamaly. Ýapgy ýüzüňizi iýmitlendirýär we rahatlandyrýar.
Bir bölek kädini blenderden geçirmeli. Soňra oňa bir çaý çemçe ary balyny we 1 çaý çemçe süle ýarmasyny garmaly. Taýyn bolan melhemi ýüzüňize çalyp,15-20 minut saklamaly. Ýapgy ýüzüňiziň derisini arassalaýar. Ýapgyny ýüzüňiz sowuklan halatynda hem ulanyp bilersiňiz.
Bir hyýary gyrgyjyň ownuk gözünden geçirmeli we oňa iki nahar çemçe gaýmagy garmaly. Ýapgyny ýüzüňize çalyp, 25 minut saklamaly. Ýapgy ýüzüňizi iýmitlendirýär.