SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Sinowak”-dan “Covid-19” görnüşlerine garşy täze sanjym

Hytaýyň “Sinowak” kompaniýasynyň lukmançylyk müdiri Ýongjun Gao, “Covid-19” -yň täze görnüşlerine garşy sanjymlary taýýarlamak bilen işlerini tamamlandyklaryny aýtdy.

“Sinowak” kompaniýasynyň lukmançylyk müdiri Ýongjun Gao döreden täze sanjymy barada beýanat berdi. Kompaniýanyň uzak wagtdan bäri wirusyň täze görnüşlerini yzarlaýandygyny mälim eden Gao “Sinowak kompaniýasy häzirki wagtda Delta we Gamma görnüşlerine garşy sanjymlary taýýarlaýar. Işlenip düzülen sanjym boýunça gözleglerimiz tamamlandy. Kliniki gözlegler üçin Hytaýyň degişli edaralaryna ýüz tutduk. Mundan başga-da, häzirki “Coronavak” sanjymymyz häzirki ýaýran wirusyň görnüşlerinden goragyny görkezýär. Çilide we Hytaýda alan maglumatlarymyz “Sinowak” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen “Coronavak” sanjymynyň dürli görnüşlerden goraýandygyny subut edýär.” -diýdi.

Pandemiýanyň soňlanmagy üçin iki ýoluň berjaý edilip bilinjekdigini aýdan Gao: “Ilki bilen hemmelere sanjym edilmeli we sanjymlarymyz şoňa görä ýokarlanmaly. Ikinjisi örtük ​​geýmek, el arassaçylygyna üns bermek we jemgyýetçilik aralyga üns bermekdir. Bularyň esasynda soňra hemmämiz bilelikde pandemiýadan dynyp bileris” diýip belläp geçdi.

Ýongjun Gao 2 dozadan soň göz öňünde tutulýan 3-nji doza barada hem şeýle diýdi: “3-nji dozanyň adamlarda antikor derejesiniň 2-nji dozadan has ýokarydygyny görkezýär. Şeýle-de bolsa, biziň esasy maslahatymyz, 3-nji dozany sanjymyň ikinji dozasyndan 6 aý soň berilmegidir”.

Gao, “Sinowak” kompaniýasynyň çagalar we ýetginjeklerde eden gözleglerinde sanjymy, goramak babatynda gowy maglumatlary alandyklaryny aýtdy.

– ” Hytaý, Çili, Malaýziýa, Indoneziýa, Kamboja we Kolumbiýa ýaly 6 ýurtda bu sanjym 3 ýaşdan 17 ýaş aralygyndaky adatdan daşary ýagdaýlar üçin tassyklanyldy. Waksinanyň 100 milliondan gowrak dozasy Hytaýda 3 ýaşdan 17 ýaşa çenli topara berildi. Bu maglumatlar “Coronavak” sanjymynyň howpsuzdygyny subut edýär. Pandemiýa döwründe çagalara we ýetginjeklere sanjym etmek gaty möhüm mesele. Sebäbi çagalar we ýetginjekler hem keselläp bilerler. Ýaşaýan ýerinde has giň ýaýran keseli ýaýradyp biler. Häzir bar bolan maglumatlara göra, “Coronavak” sanjymyny ulanan çagalarda we ýaşlarda immunitetiň we antikor derejesiniň ýokarydygyny görýäris” diýip, habar berdi.

 

COVID-19: GDA ýurtlarynda çagalara sanjym edilip başlandy

 

 

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar