SPORT

Şeýh Salman türkmen futbolyna ýokary baha berdi

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň prezidenti (AFK) Şeýh Salman bin Ibragim Al Halifa 11-nji aprelde Malaýziýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Guwançmuhammet Öwekow (TFF) bilen ikitarapa bähbitli saldamly duşuşyk geçirdi.

Şeýh Salman TFF-niň başlygyny geçen ýylyň noýabrynda bu wezipä biragyzdan saýlanylmagy bilen gutlap, onuň oýunçy hem-de tälimçi hökmünde toplan baý tejribesiniň türkmen futbolunyň golaý geljekde täze sepgitlere ýetmeginde oňyn täsirini ýetirjekdigini belledi.

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň Aziýa Kubogy 2027-niň saýlama tapgyryndaky şowly başlangyjyna ýokary baha beren (Türkmenistanyň milli ýygyndy topary D toparçadaky ilkinji duşuşygynda ýeňiş gazandy) AFK-nyň prezidenti ýygyndy toparyň yklymyň esasy ýaryşynyň final tapgyrynda üçünji gezek çykmaga mümkinçiliginiň ýokarydygyna ynam bildirdi.

Mundan başga-da, Şeýh Salman AFK-nyň Çagyryş ligasy 2024/25-iň çärýekfinalynda “Ist-Bengal” toparyny ýeňip, ýarymfinala çykmagy başaran “Arkadag” toparynyň ýeten sepgidine ýokary baha berdi.

«Türkmenistanda futbol görlüp-eşidilmedik derejede ösüş ýoluna düşdi. Türkmen toparlarynyň AFK-nyň kuboklaryndaky çykyşlary TFF-niň bu ugurda saldamly işleri alyp barýandygyny görkezýär» diýip, AFK-nyň prezidenti belledi.

Şeýle-de, Şeýh Salman AFK-nyň türkmen futbolunyň mümkinçiliklerini doly açmaga kömek etjek ugurlary, ýöriteleşdirilen taslamalaryň üsti bilen ösdürmäge ýardam etjekdigine ynandyrdy.

«AFK-nyň Türkmenistanda futboly hemmetaraplaýyn ösdürmäge ýardam etjekdigini ynandyrýaryn. Türkmenistanyň futbolda täze ýeňişleri gazanjakdygyna ynam bildirýärin», — diýip, 2018-nji ýylda iş sapary bilen Türkmenistanda bolan Şeýh Salman sözüniň üstüni ýetirdi.

Öz gezeginde, TFF-niň başlygy Şeýh Salmana goldawy üçin, şeýle-de, AFK bilen TFF-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda edýän işleri üçin öz minnetdarlygyny bildirdi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Tailandyň milli ýygyndysy bilen duşuşar

“Inter” topary baş tälimçisi Simone Indzagi bilen hoşlaşdy

Grizmann “Atletikoda” galdy

Ata Watan Eserleri

“PSŽ” topary taryhynda ilkinji Çempionlar Ligasynyň kubogyny gazandy

Arnold “Real Madrid” bilen şertnama baglaşdy

“Çelsi” topary UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň kubogyny gazandy