BIZNES

Ses we ýylylyk saklaýjy serişdeler öndüriler

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerine bagyşlanan meseleleriň giň toplumyna hem-de resminamalar seredildi.

Mejlisiň barşynda Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde bazalt inçe süýüminden  we mineral pamykdan ses we ýylylyk saklaýjy serişdeleri öndürýän täze kärhanany gurnamak barada aýdyldy. Bu kärhana Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda gol çeken  Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçilik ministrliginiň 2020-2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalarynyň gurluşygy hakyndaky kararyna laýyklykda gurlar.

Öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen ses we ýylylyk saklaýjy serişdelerini öndürýän kärhanany diwar serişdeleriniň önümçiligi boýunça düýpli döwrebaplaşdyrylan binada ýerleşdirmek teklip edilýär. Bu kärhana üçin tehnologik enjamlary satyn almak babatda halkara bäsleşigi geçirildi. Onuň jemleri boýunça ýeňiji kesgitlendi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary makullap, innowasion ösüşi esasy orun edinýän Türkmenistanyň dünýäniň öňdebaryjy tejribesini we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Milli Liderimiz bu ugurdaky işler has-da işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Ýene-de okaň

Russiýadan Gazagystana täze gaz geçirijisi gurlar

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasy tassyklanyldy

Türkmenistan bilen Italiýa Rim şäherinde işewürlik forumyny geçirer

Türkmen wekiliýeti Şarjada gurnalan atyr önümleriniň sergisine gatnaşdy

Türkmen-emirlik işewürler forumy: hyzmatdaşlygyň belent sepgitleri