JEMGYÝET

Serdar Berdimuhamedowa goşun generaly diýen harby ady dakmak hakynda

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa goşun generaly diýen harby ady dakyldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyny dolulygyna ýetirýäris.

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
Çap edildi 26.01.2023

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy S.G.BERDIMUHAMEDOWA goşun generaly diýen harby ady dakmak hakynda

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa goşun generaly diýen harby ady dakmaly.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy
G.MÄMMEDOWA.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 26-njy ýanwary.

Diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetleriň sanawy-2023

Ýene-de okaň

BMG Merkezi Aziýany dünýäniň geljegi uly syýahatçylyk sebitleriniň biri diýip atlandyrdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Serhetleriň howpsuzlygy boýunça Bütindünýä kongresine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

“Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçirilýär

Si Szinpiniň ýörite wekili «Galkynyş» gaz käniniň 4-nji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Alp Arslan Begenjow Türkmenistana ilkinji erkin göreş medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri