SPORT

Serdar Azmun üçin ylalaşyk gazanylmady

Russiýanyň “Zenit” toparynda çykyş edýän eýranly Serdar Azmun futbol durmuşyny Fransiýanyň “Lion” toparynda dowam etdirmegi meýilleşdirýär. Ozal habar berşimiz ýaly, Serdar Azmun bilen fransuz toparynyň arasynda özara ylalaşyk gazanyldy.

Ýöne Russiýanyň “Zenit” topary bilen Fransiýanyň “Lion” toparynyň arasynda özara ylalaşyk gazanylmady. Metbugat neşirleriniň habaryna görä, futbolçy bilen fransuz topary 4,5 ýyllyk ylalaşyk babatda özara düşünişmek tapgyryna gelen hem bolsa, bu transferiň mala aşmagy üçin toparlaryň hem ylalaşmagy zerur.

“Zenit” topary Azmun üçin 3 million ýewrodan gowrak pul serişdelerini talap edýär. Rus toparynyň 3 million ýewro möçberinde talap etmegi eýranly fubolçy üçin Angliýanyň “Nýukasl” toparynyň hem gyzyklanýandygyny bilen baglanyşyklydyr.

Azmunyň şertnamasynyň möhleti 2022-nji ýylyň tomsunda tamamlanýar. Şu ýyl bu futbolçy 21 duşuşykda 10 gezek tapawutlandy.

 

“Omikron”: Eýran Türkiýä syýahatçylygy togtatdy

Ýene-de okaň

Neýmar milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlady

Erling Holand gollaryň sanynda Messi we Mbappe bilen deňleşdi

Norwegiýa Braziliýany ýeňip, taryhy üstünlik gazandy

Angliýanyň ýygyndysy 1/4 finala çykdy

Fransiýa çärýek finalda Marokko bilen oýnar

Marokko ilkinji bolup çärýek finala çykdy

Ata Watan Eserleri