JEMGYÝET

Saýtymyzyň 1-njiligi daşary ýurt metbugatynda

Mälim bolşy ýaly, golaýda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýty Türkmenistan baradaky habarlary ýaýradýan saýtlaryň arasynda birinji orny eýeländigini mälim edipdik. Bu sanawy “Amazon” kompaniýasyna degişli bolan “Alexa Rank” sanawy doly subut edýär.

Saýtymyzyň birinjiligi daşary ýurt metbugatynda hem orun aldy. Türk-azerbaýjan bilelikdäki “ankarabaku.com” internet neşirinde saýtymyzyň birinjiligi barada türk diline habar okyjylaryna ýetirilipdir. Neşiriň habarynda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýtynyň Türkmenistan baradaky habarlary ýaýradýan saýtlaryň arasynda birinji we  Türkmenistandan girilen saýtlaryň arasynda üçünji orna ýerleşdigi, şeýle hem bu sanawyň 10-njy aprel 2021-nji ýyldaky maglumatlara esaslanyp berlendigi bellenilip geçilipdir.

Şeýle hem habarda “Google” ýaly halkara saýtlar ilkinji iki ýeri eýeleýändigi, saýtyň dünýädäki ýüzlerçe müň saýtlaryň global reýtinginde 6176-njy orunda durýandygy bellenilipdir.

Şeýle hem neşirde: “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly Türkiýe Respublikasynda esaslandyrylan halkara žurnal bolup, ýurdumyzda öz işlerini Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen “Daşary ýurt žurnalistleriniň Akkreditasiýa Şahadatnamasy” esasynda alyp barýar. Şeýle şahadatnama diňe “Reuters”, “AP”, “France Press”, “TRT” we “Ria Nowosti” ýaly abraýly halkara metbugat edaralarynda bardyr” diýlip bellenilýär.

 

Saýtymyz 1-njilik ornuny has-da berkidýär

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi