SPORT

Saud Arabystanyndaky “El-Klasiko”: “Barselona” ýeňiş gazandy

Ispaniýanyň Superkubogyny almak ugrunda geçirilen mini ýaryş tamamlandy. Soňky ýyllarda Ispaniýanyň futbol federasiýasy Superkubok ugrundaky ýaryşy 4 toparyň gatnaşmagynda başga ýurtlarda geçirmek ugrunda tagalla edýär.

Saud Arabystanynyň hökümeti hem ýurtda sporta hem-de futbola bolan höwesi has-da artdyrmak maksady bilen Ispaniýanyň Superkubok ugrundaky ýaryşy öz ýurdunda kabul edýär.

Saud Arabystanydaky Superkubogyň finalynda “Barselona” bilen “Real Madrid” toparlary duşuşdy. Ispan çempionatynyň iň ägirdini bir ýerde jemleýän “El Klasikoda” bu gezek “Barselona” ýeňiş gazandy.

“Barselona” topary özüniň esasy bäsdeşini 3:1 hasabynda ýeňdi. “Barselona” toparyndaky polýak hüjümçi Robert Lewandowski “El Klasikodaky” ilkinji goluny geçirdi. ŞEýle hem bu toparda ýaş futbolçylardan Gawi bilen Pedri hem tapawutlandy.

Şeýlelikde, “Barselonanyň” 14-nji Superkubogy topary tälimçisi Hawiniň tälimçi wezipesindäki ilkinji kubogy boldy.

Ýeňlen tarapdaky “Real Madrid” toparynyň tälimçisi Karlo Ançelotti 2010-nji ýyldan bäri ilkinji gezek final duşuşygynda ýeňlişe sezewar boldy.

Duşuşykda 33-nji minutda Gawi, 45-nji minutda Lewandowksi we 69-njy minutda Pedri tapawutlandy. “Real Madridiň” ýeke-täk goluny 90-njy minutda Benzema öz adyna ýazdyrdy.

“Barselona” topary 2 ýyldan soňra möhüm kubogy gazanmagy başardy. Topar 2019-njy ýyldaky çempionlykdan we 2021-nji ýylda Ispaniýanyň kubogyny gazanandan soňra 699 günden bäri final duşuşyklarynda ýeňiş gazanyp bilmändi.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi