DÜNÝÄ

Saud Arabystany ABŞ-daky maýa goýumlaryny 1 trillion dollara çenli artdyrar

Saud Arabystany ABŞ-daky maýa goýumlarynyň mukdaryny 600 milliard dollardan 1 trillion dollara çenli ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Bu barada ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen ak Tamda duşuşan Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud habar berdi.

Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasynyň bellemegine görä, Patyşalyk amerikan ykdysadyýetine goýulýan maýa goýumlaryny artdyrmagy meýilleşdirýär.

“Jenap prezident, men ynanýaryn, biz şu gün we ertir bu 600 milliard dollary diýen ýaly 1 trillion dollara çenli — hakyky maýa goýumlara — ýetirmek niýetimiz barada yglan ederiz” diýip, Mirasdüşer şazada belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistan TDG-niň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň we Tunisiň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri