MEDENIÝET

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy

Golaýda Türkiýe Respublikasynda Türkmen edebiýatynyň döredijiliginiň hepdeligi ýokary derejede geçirildi. Bu dabara Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň hem-de Türk edebiýatyň gaznasynyň hyzmatdaşlygynda Türkmenistanyň Gahrymany, halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli neşir edilen “Türki dünýäde zenan we kelam” atly goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy bilen açylmagy ýatdan çykmajak wakalara besledi.

Bu ajaýyp çärede Türkmenistanyň Gahrymany, halk suratkeşi Saragt Babaýewiň çykyşyna orun berildi. Türkmenistanyň Gahrymany, halk suratkeşi Saragt Babaýew öz çykyşynda türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Gözel Şagulyýewanyň döredijilik dünýäsiniň özboluşly aýratynlygy baradaky beýan eden gymmatly pikiri bu çärä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Döredijilik adamsynyň mukaddes Watan baradaky her bir şygrynyň ähmiýetini beýan etdi.

Edebiýat we döredijilik hepdeliginiň çäginde ýatdan çykmajak wakalarynyň biri Türkmenistanyň Gahrymany, halk suratkeşi Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly adyň dakylmagy aýratyn bellärliklidir. Bu bolsa türkmen sungatynda gazanylýan üstünlikleriň nyşany bolup durýar.

Şeýle hem Stambul şäherinde geçirilen «Uly sähranyň ruhy – türki dünýäsiniň suratkeşleri Çingiz Aýtmatowy ýatladýar» atly halkara serginiň açylyşy bolup, türki dünýäsiniň dürli sebitlerinden 16 sany ussat suratkeşleriň 130 sany eseri görkezildi. Bu dabaraly çärä ýurdumyzdan Türkmenistanyň Gahrymany, Halk suratkeşi, ussat heýkeltaraşy Saragt Babaýew hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungaty» fakultetiniň «Nakgaşlyk» kafedrasynyň mugallymy Gahryman Goçmyradow gatnaşdylar.

Bu dabaraly çärede Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýew «Hormatly agza nyşany» we «Nakgaşlyk» kafedrasynyň mugallymy Gahryman Goçmyradow «Habarçy agza nyşany» bilen sylaglandylar.

Ýene-de okaň

Daşkentde Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň kino günleri geçirilýär

2025-nji ýylyň Buker baýragyny wenger-britaniýaly ýazyjy Dewid Soloý gazandy

Aşgabatda Eýranyň miniatýura surat çekme we altyn çaýma sungaty boýunça ussatlyk sapaklary

Türkmen-özbek dostluk agşamy

Özbegistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi

Türkmenistanda noýabr aýynda geçiriljek esasy çäreler