BIZNES

Sanly ykdysadyýeti ösdürmäge aýratyn ähmiýet berler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alnyp taýýarlanylan meýilnamalarda makroykdysady durnuklylygy üpjün etmek, sanly ykdysadyýeti ilerletmek, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny dowam etdirmek, durmuş-ykdysady ösüşi, pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýy, Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegini gazanmak, maýa goýum syýasatyny kämilleşdirmek, döwlet emlägini we maliýe serişdelerini netijeli dolandyrmak boýunça işleri guramak, ulgama öňdebaryjy halkara tejribeleri ornaşdyrmak hem-de kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, bank we ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny, standartlaşdyryş ulgamyny ösdürmek, milli statistika edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça we beýleki çäreler göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem wise-premýer “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” hem-de “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, topluma degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sanly ulgama geçmek boýunça şu ýylda ýerine ýetirmeli işleriniň meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.

Ýene-de okaň

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler