SIZDEN GELENLER

Sanly dünýägaraýyş

Şahsy kompýuterler günümiziň iň wajyp gurallarynyň biridir. Her birimiziň öýlerimizde, ofislerimizde ýa- da bolmasa, iş ýerlerimizde özümiziň açar sözi bilen açýan,özümiz material bermesek alyp bilmeýän kompýuterlerimiziň bolmagy häzirki zaman durmuşymyzda uly özgertmeleri ýerine ýetirmek meselelerinde has tygşytly hem – de has wagty hem ykdysady ýagdaýa görä hereket etmek bilen köp zatlaryň üstüni doldurýar. Günümizde iň wajyp meseleleriň biri kompýuterleriň sanlaşmagy, hat- da adamlaryň dürli ýaşaýyş şertlerini sanlaşdyrmagy we bu ugur boýunça edilýän işleriň günsaýyn ýokarlanmagy, ýagny ösmegi ilkinji nobatda adamlaryň döwrebap tehnologiýalar bilen iş salyşanlarynda döreýän mümkinçilikleriň giňemegi göz öňüne tutulandyr.

Geçirijileriň kömegi bilen biz işimizi ýerine ýetirýäris, Geçirijiniň kömegi bilen ähli taraplaýyn edilýän işleriň üstünliklerine barmaga çalyşýarys. Şol sebäpli kompýuter geçirijileriniň üsti bilen internet ulgamyna hem has ýakynlaşmaga mümkinçilik tapýarys. Mikroprosessor kompýuteriň merkezi hasaplaýyș we dolandyryș elementi bolup durýar.Häzirki zaman tehnologiýalar döwründe biziň her birimizde şahsy kompýuterleriň bolmagy biziň maglumat howpsyzlygymyzy üpjün etmek bilen birlikde ýeterlik derejede durmuş- ykdysady hem- de wagt tygşytlamak meselelerinde hem kompýuterleriň san degişmeleriniň günsaýyn üstünlik gazanmagyny üpjün edýär.

Șahsy kompýuterleriň esasy häsiýetlendirijisi bolup, onuň iș öndürijiligi we berlenleri saklamak üçin ýadynyň möçberi hyzmat edýär. Kompýuterlerde  maglumatlar öýjüklerde saklanylýar. Monitor maglumaty suratlandyrmak enjamydyr. Häzirki wagtda reňkli monitorlar giňden ýaýrandyr.

Ol șahsy kompýuteriň ișiniň netijesini tekst, san ýa-da grafiki șekil görnüșinde ulanyja görmeklige mümkinçilik berýär. Suwuk kristally monitor monitorlaryň görnüșleriniň biri bolup, onuň ekranynda șekil amorf kremnisiniň suwuk kristallarynyň kömegi bilen döredilýär. Suwuk kristally monitorlarda șöhlelenmäniň ýoklugy sebäpli, ol adam saglygyna howpsuz hasaplanylýar.

Elbetde şahsy kompýuterleriň bolmagy bilen işler has- da ýeňilleşýär. Monitordaky görkeziji bolsa, işimizi ýola goýmakda ýeňilleşýän görkezijiniň işini kämil tehnologiýalar arkaly şöhlelendirmäge mümkinçilik döredýär.Kompýuterleriň güýji hem täsir edijidir. Olaryň operatiw ýatlary bolsa, häzirki döwürde adam ýadynyň edip bilmejek işlerini etmäge tarap ugrukdyrylandyr.

Häzirki zaman kompýuterleşdirilen üstünlikleri bolan dürli enjamlar, hyzmatlar, öý we beýleki ýerler kompýuterleriň kömegi bilen düýbünden başga bir görnüşli işe geçip gitdi. Kompýuter üçin islendik dilde islendik programma ikilik ulgamynyň iň ýönekeý “maşyn” dilinde düzülýär. 1868-nji ýylda ýazuw maşynlary üçin oýlanyp tapyldy.

Ýat bu kompýuteriň ișläp durýan wagtynda maglumatlary mașynyň ýadynda saklamak üçin ulanylýan gurlușdyr. Kompýuteri ulanmak hem-de soňrasynda onuň öçürilende hem zyýansyzlandyrylmagy elbetde şahsy kompýuterleriň adam durmuşyndaky işini hem kesgitleýändir. Häzirki wagtda dașyndan birikdirilýän gaty diskler hem maglumatlary gorap saklamak üçin ulanylýar.Munuň özi kompýuteriň maglumatlary gorap saklamakda hem- de şahsyň dürli ulanyjylary öz garamagyna almagynda  goralmagyny gazanmagy bolsa, wajypdyr.Sanlaşdyrma dünýäsinde ýaşamak,bu günki gün dünýägaraýşyňy doly sanlaşdyrmaga ugrukdyrmak sanly dünýägaraýşyň gözi bilen dünýä ser salmak her bir döwrebap ýaşaýan raýatlaryň gündeki durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Bu günki gün sanly dünýägaraýyş biziň ösen döwrümiziň wajyp nazarydyr.

Kerim Çaryýew,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň halypa mugallymy.

 

 

Ýene-de okaň

Sarpasy belent bedewler

Ata Watan Eserleri

Ýylyň şygary-belent sepgitlere badalga

Çagalar – biziň geljegimiz!

Sagdyn ene we sagdyn çaga – uly baýlyk

 Magtymguly aýdar, sözüm älemdir…

Ösümlikler üçin zerur dökün