SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Sanjymyň 3-nji dozasy üçin tassyknama

ABŞ-nyň Federal Azyk we Derman Senagatynyň (FDA) maslahat geňeşi, “Modernanyň” iki dozaly täze koronawirus (Covid-19) sanjymyny alan käbir adamlara pes dozaly üçünji sanjymy etmegı biragyzdan tassyklady. FDA maslahat geňeşi “Moderna” sanjymynyň üçünji dozasyny 65 ýaşdan uly we töwekgelçilikli adamlara “pes dozada” bermegi maslahat berdi.

“Moderna” sanjymynyň üçünji dozasynyň ýarym dozasy 50 mikrogram bolmalydygy mälim edildi.

FDA sanjymy geňeşiň teklibi boýunça resmi taýdan tassyklasa, indiki hepde kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleri sanjymyň haýsy derejede ediljekdigini kesgitlär.

Geçen aýda FDA 65 ýaşdan uly we töwekgelçilikli adamlar üçin “Pfizer / BionTech” sanjymynyň üçünji dozasyny tassyklapdy.

Döwletjan Ýagşymyradow nobatdaky tutluşygyna çykar

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar